Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ozalky gubernator öldürildi


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň Naryn oblastynyň ozalky gubernatory Tynçtykbek Çekiyewi öldüren adamlary gözlemek işlerini dowam etdirýärler.

Şu geçen şenbe güni gije näbelli ýaragly adamlar Tynçtykbek Çekiýewi onuň Bişkek şäheriniň etegindäki öýunde janyna kast edip öldürdiler.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri hüjümçileriň jenap Çekiýew bilen birlikde onuň aýalyna-da hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Maglumatda Çekiýewiň aýalynyň agyr ýaralanan halda keselhana düşendigi aýdylýar.

Tynçtykbek Çekiýew 2009-njy ýylyň noýabryndan 2010-njy ýylyň martyna çenli Naryn oblastynyň gubernatory bolup işläpdi.
XS
SM
MD
LG