Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada “bomba howpy” başagaýlyk döretdi


Ýekşenbe güni Fransiýanyň Lourdes atly ilatly punktynda bomba partladylmak howpunyň bardygy barada berlen duýduryşyň yzy bilen, ol ýerdäki katolik zyýaratçylary bu ilatly punktdan gyssagly ýagdaýda çykaryldy.

Bu zyýarat merkeziniň metbugat sekretary habarçylara beren interwýusynda Lourdes zyýarat merkezinde dört sany bomba partlamasynyň amala aşyrylmak howpunyň bardygy barada polisiýanyň duýduryş berendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu duýduryşyň yzy bilen zyýarat merkezindäki 30 müň töweregi zyýaratçy wagtlaýynça bu ýeri terk etmeli bolupdyr.

Birneme giçlik polisiýanyň geçiren barlaglarynyň netijesinde bu zyýarat merkezinden hiç hili partlaýyjy enjamyň tapylmandygy habar berildi.

Fransiýanyň Lourdes ilatly punkty 152 ýyl mundan ozal keramatly Merýemiň keşbiniň ýerli ilata görnen ýeri hasaplanylýar.

Hristian katolikleri her ýylyň 15-nji awgustyny Bibi Merýemiň jennete göterlen güni hökmünde belläp geçýärler.
XS
SM
MD
LG