Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Britaniýa, Gazagystan harby türgenleşik geçirýär


Şu gün Gazagystanyň, Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri bilelikde 10 günlük harby türgenleşige başlaýarlar.

Gazagystanyň Goranmak ministrligi bu barada düýn ýaýradan beýanatynda Almaty şäheriniň golaýynda geçiriljek bu ýyllyk harby türgenleşige bir müňden gowrak harbynyň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Bu baradaky beýanatda bilelikde geçirilýän bu harby türgenleşigiň NATO bilen partnýorlykdaky parahatçylyk programmasynyň çäklerinde geçirilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG