Sepleriň elýeterliligi

Transhazar: Orsýetiň reaksiýasy garaşdyrmady


Orsýetiň prezidenti D.Medwedew (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, Aşgabat, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, Aşgabat, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Elindäki kartyny doly açmazdan, Ýewrobileleşigiň resmileri Hazar deňziniň düýbüni bölüşmek meselesinden sowlup geçip, Hazar deňzinden gaz turbasyny çekmek proýektini dowam etdirmäge Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda mümkinçilik dörändigini aýdýarlar.

Ýakyn wagta çenli Hazaryň düýbüni bölüşmek, araçäkleri kesgitlemek meselesi köp sebäpler ötri çözülmejek mesele, böwsüp bolmajak päsgelçilik hasap edilýärdi. Birdenkä ýewropalylar haýsydyr bir çözgüt tapandyklaryny habar berdiler. Ýewropa Bileleşigi şu ideýany yzygiderli goldajaklygyny açyk mälim edýär.

“Kommersant” ýazýar

Proýektiň jikme-jigi heniz köpçülikleýin habar serişdeleriniň eline düşmedi. Emma Orsýet tarapyndan negatiw reaksiýa özüne garaşdyrmady, eglenmezden peýda boldy. Ýakynda Orsýetiň “Kommersant” gazetinde Ýewrobileleşigiň bu teklibini bolgusyz, manysyz ideýa diýip atlandyran ilkinji kommentariýa çap edildi.

Orsýet tarapynyň jogabyndan mälim bolşuna görä, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gaz turba proýektine Orsýet elinden geldiginden päsgelçilik döretjek, oňa garşy çykjak.

Russiýa Federasiýanyň DIM-niň ady tutulmadyk wekili “Orsýetsiz Hazar problemasy çözülmez, diýmek, gaz turbasy çekilmez” diýipdir. Şeýlelikde, Transhazar turbasyny gurmak planyny başa bardyrmazlyk üçin Orsyetiň nähili çäreler görjekdigini diňe çaklamak galýar.

“Nabukko” proýekti boýunça gepleşikler başlanaýan wagty bu ideýany goldamajaklaryň-da bardygyna resmi Aşgabat düşünmän duranokdy. Şu proýekte gatnaşmaga Türkmenistanyň aşa gyzyklanýandygyny G.Berdimuhamedow hemişe aýdyp gelýär.

Iki üstünlik

Ýurduň ýolbaşçylary Orsýete bolan ykdysady garaşlylygy azaltmak üçin türkmen gazyny satar ýaly täze bazarlar gözledi. Iki synanyşyk üstünlikli boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynda türkmen gazy Hytaýa akyp başlady. Geçen ýyl Eýrana akýan gazam deňagramly häsiýete eýe boldy. Ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, türkmen ýolbaşçylary “Nabukko” proýektine goşulmak planyndan el üzmedi.

Gaz müşderileriniň şunuň ýaly toplumy Moskwa bilen ykdysady we syýasy gepleşiklerde Türkmenistana utuk berip biler. Orsýetiň bir wagtlardaky monopoliýasyny Türkmenistan indi ýatdan çykarsa, unutsa-da bolar. Ýöne “Nabukko” proýekti bilen bagly kynçylyklar ozal başdan döredi.

“Nabukko” proýektini goldamazlyk diňe Orsýet tarapyndan aýan edilmedi. Azerbaýjan bilen gepleşikler diýseň şowsuz, netijesiz boldy. Baku isledimi ýa ýok, ýöne “Nabukko” proýektine garşy durmakda Azerbaýjan Orsýete praktik kömek beren bolup çykdy. Moskwada Azerbaýjanyň dil ýarmazlygyny, sesini çykarmazlygyny hertaraply goldadylar.

ÝB araçy

Baku Hazar deňziniň düýbüni bölüşmek baradaky ylalaşygy talap etdi, ylalaşygyň şertlerine Aşgabat razy bolmady. Bu iş şeýle bir derejä baryp ýetdi – G.Berdimuhamedow halkara suduna ýüz tutjakdygyny aýtdy. Ýöne şol haýbatyň soňy bolmady. Türkmenistan petige dirän ýagdaýdan çykalgany halkara diplomatiýasynyň kömegi bilen tapmak kararyna geldi.

Bu emele gelen ýagdaýa gatnaşygy bolan taraplaryň ählisi açyk görnüp duran bir fakta - türkmen gazy bolmasa, “Nabukko” proýektiniň netijeli bolmajakdygyna, Orsýetden öwrüm edip, Ýewropany gaz bilen üpjün etmek meselesiniň ýitiligine galýandygyna düşündiler.

Hazar problemasyna täzeçe çemeleşme boýunça inisiatiwa häzir Ýewrobileleşigiň tarapynda bolup çykdy. Eger täze tapyndy işlese, herekete gelse, ol öz gazyny ýerlemekde Türkmenistan üçin ynamdar bir bazar bolardy.

Şeýle perspektiwa soraglaryň uly toplumyny döredýär. Bu ykdysady üstünlik ýurduň içindäki ýagdaýa nähili täsir eder? Ol ýönekeý graždanlaryň durmuşyna günübirin özüni görkezermi? Bu üstünlik režimi biraz ýumşatmaga itergi berermi? Şol üstünlik Türkmenistanyň daşarky dünýäden üzňeligini böwsermi?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG