Sepleriň elýeterliligi

Prezident Aliýew imperiýasyny giňeldýär


Prezident Ilham Aliýewiň gyzlary Arzu(çepde) we Leýla Bakuwdaky Bulwar Parkynda, 20-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Prezident Ilham Aliýewiň gyzlary Arzu(çepde) we Leýla Bakuwdaky Bulwar Parkynda, 20-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Azerbaýjan howa ýollarynyň işine degişli hemme hyzmatlar diňe bir kompaniýa degişli. Şol kompaniýa “SW Holding” diýlip atlandyrylýar.

Azerbaýjanyň “AZAL” döwlet kompaniýasy hususylaşdyrylanda “SW Holding” kompaniýasy onlarça biznesi ýuwutdy. Hususylaşdyrmak prosesiniň dowamynda bankyň hem ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň eýeçiligi birnäçe zenanyň eline geçdi. Olaryň biri hem Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň gyzy Arzu Aliýewadyr.

Bakuwyň halkara aeroportundan şäheriň merkezine çenli alyp barýan ýoluň ugrunda “SW Holding” kompaniýasynyň tarypyny ýetirýän reklamalara duş gelip bolýar. Şol plakatlardan olaryň Azerbaýjanyň paýtagtynyň aeroportunda monopoliýalaýyn agalyk saklaýan kompaniýany reklama edýändigi görünmese-de, hakykatda aeroporta degişli telekeçiligiň hemme görnüşi “SW Holdinge” degişli.

Ajykdyňyzmy? “SW Holdinge” degişli “Asman aşpezleri” size dürli tagamlary teklip ederler. Size taksi gerekmi? Bu kompaniýa degişli “Aeroport gate” firmasynyň taksileri sizi gerek ýeriňize elter. Ýagny, aeroport bilen bagly hemme hyzmatlar – biletleriň satylmagyndan başlap, salgytsyz dýuti-fri dükanlaryna çenli “SW Holding” kompaniýasyna degişli.

Bu holding kompaniýasynyň hatda öz “Silk Way” atly banky hem bar. Azatlyk Radiosyna Azerbaýjanyň Maliýe howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyndan bu bankyň eýeçiliginiň kime degişlidigi barada dokument almak başartdy. Şol dokumentlere görä, “Silk Way” banky ýurduň ýolbaşçysyna ýakyn bolan iki zenana degişli. Olaryň biriniň Azerbaýjanyň “AZAL” atly döwlet howa ýollarynyň prezidentiniň aýaly Zarifa Hamzaýewadygy, beýleki ýaş zenanyň bolsa Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň 21 ýaşly gyzy Arzu Aliýewadygy bu dokumentde berlen maglumatda aýdylýar.

Döwlete degişli “AZAL” howa ýollarynda bolan telekeçiligiň köp görnüşiniň “SW Holding” kompaniýasy tarapyndan ýuwudylmagy Azerbaýjanda hususylaşdyrmak prosesiniň näderejede adalatly geçirilýändigi bilen bagly soraglaryň ýüze çykmagyna getirdi.

Şeýle hem ýüze çykan bu maglumatlar Azerbaýjanyň häkimiýet başyndakylaryň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, ýurtdaky iň düşewüntli pudaklary öz ýakyn dostlarynyň, garyndaşlarynyň eýeçiligine geçirýändigini görkezdi. Şol bir wagtda hem Azerbaýjanyň kanunynda nepotizme, ýagny garyndaşparazlyga ýol beren hökümet işgäriniň 12 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigi aýdylýar.

Çagalar “betinden”

Ýöne Azerbaýjanyň prezidenti köp zady öz maşgalasynyň çäginde saklamagy gowy görýär. Bu häsiýet Ilhamyň kakasy Geýdar Aliýewe hem mahsusdy. Ol 30 ýylyň dowamynda ýurda ýolbaşçylyk edeninden soň, 2003-nji ýylda ýürek keselinden ölmezinden öň häkimiýeti öz oglunyň eline üstünlikli geçirip gitdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew metbugat konferensiýasynda, Baku, 22-nji iýul, 2010.
Ilham Aliýewiň aýaly Mehriban Aliýewa Azerbaýjanyň parlamentiniň deputaty hem ýurduň görnukli syýasatçylarynyň biri hasaplanýar. “Washington Post” gazetinde çap bolan makalada Ilham Aliýewiň körpe ogly Geýdaryň adyna Dubaýda 44 million dollara barabar dokuz sany kaşaň jaýyň satyn alnandygy aýdylýar. Aliýewleriň gyzlary Arzu bilen Leýlanyň atlaryna hem Dubaýda birnäçe emlägiň hasaba alnandygy aýdylýar. Aliýewiň üç çagasynyň adyna satyn alnan emlägiň umumy bahasynyň 75 million dollara barabardygyny “Washington Post” gazeti habar berdi.

Prezident hökmünde Ilham Aliýewiň resmi aýlygy bir ýylda 230 müň dollara barabar. Emma Azerbaýjanyň prezindeti bu wezipesine geçmezden öň döwlete degişli “SOCAR” nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti wezipesini eýeläp, ýurduň tebigy baýlyklaryna gözegçilik edipdi.

Aliýewiň maşgalasyna degişli kompaniýalaryň emläginiň bahasynyň millionlarça dollara barabardygy çaklanylýar. Ýöne Azerbaýjanyň kanunlaryna garamazdan, ne Aliýewiň özi, ne-de onuň aýaly öz eýeçiligindäki emläge salgyt töleýärler. Olar asla salgyt deklarasiýasyny tabşyranoklar. Kanun barada aýdylsa, Azerbaýjanyň kanuny ýokary derejedäki resmilere öz telekeçiligini açmagy gadagan edýar. Emma Aliýewleriň maşgalasyna bu gadagançylyk ýöremeýär.

CNN telekanalynda Azerbaýjanyň turizmi barada görkezilen reklamada surata düşendigi bilen halk arasynda tanalýan Aliýewiň gyzy Arzuwyň “SW Holding” kompaniýasynyň eýeçiligini almak üçin zerur bolan sekiz million dollara golaý serişdäni nireden, nädip tapandygy näbelli. Soňra-da Hamzaýewa ikisiniň işi ýola goýmak üçin zerur bolan bäş ýarym million dollara golaý serişdäni nireden alandyklary-da gümürtik. Dogry, Hamzaýewa “Gözellik” atly kosmetik biznesiniň eýesi. Ýöne bilermenleriň pikiriçe, bu telekeçilik arkaly millionlarça dollara barabar serişdäni gazanmak mümkin däl.

Wideo: Azerbaýjany reklama edýän wideoda Arzu Aliýewa görkezilýär



Prezident edarasynyň metbugat sekretary Azer Gasimow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Arzu Aliýewanyň “Silk Way” bankynyň eýeleriniň biridigini tassyklady. Ol Azerbaýjanyň graždany hökmünde kämillik ýaşyna ýeten Arzuwyň öz biznesini açmaga doly hukugynyň bardygyny nygtady.

Gümürtik hususylaşdyrma

“SW Holding” kompaniýasynyň we “Silk Way” bankynyň meselesi gozgalandan soň, döwlete degişli “AZAL” howa ýollarynyň we onuň düzüminde bolan “AzalBankyň” hususylaşdyrmak prosesiniň geçirilişi bilen bagly soraglar ýüze çykdy. Döwlete degişli bu kompaniýalaryň hususulaşdyryş prosesi ýurduň Ykdysady ösüş ministrligi tarapyndan işlenen plan boýunça 2003-nji ýylda geçirilip başlandy. Azerbaýjanyň kanunlaryna görä, bu proses Döwlet emlägini hususulaşdyrmak boýunça hökümet komiteti tarapyndan geçirilmelidi. Ýöne bu komitetiň metbugat sekretary Gulu Halilow “AzalBankyň” husuşylaşdyrylmagy barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

“Turan” agentliginiň maliýe boýunça bilermeni Anar Hanbeýli bu prosesiň turuwbaşdan gümürtikdigini nygtady: “Kadaly ýagdaýda döwlet emlägini hususylaşdyrmak prosesi Hususulaşdyrmak boýunça hökümet komiteti tarapyndan alnyp barylýar. Munuň üçin beýanat taýýarlanmaly, teklipler kabul edilmeli, tendere gatnaşmak isleýänler üçin şertler aýan edilmeli, soňra bu prosese gatnaşanlaryň arasyndan saýlanan ýeňiji yglan edilmeli. Emma bu zatlaryň hiç biri hem ýerine ýetirilmedi”.

Million dollarlyk kontraktlar

Häzir “SW Holding” kompaniýasy “AZAL-a” degişli öňki kompaniýalaryň hemmesini diýen ýaly satyn aldy. Şol kompaniýalaryň arasynda “Sigorta” atly ätiýaçlandyryş kompaniýasy hem bar. Bu kompaniýa “SW Holding” kompaniýasy bilen bilelikde “AZAL” howa ýollarynyň prezidenti Jahangir Asganowyň iki gyzy eýeçilik edýär. Jahangir Asganowyň aýaly Zarifa Hamzaýewa bolsa “Silk Way” bankynyň eýesi.

“SW Holding” kompaniýasy “AZAL” howa ýollarynyň birnäçe uly proýektlerini amala aşyrýar. Şol proýektleriň biri hem Genjede, Zagatalada hem Lankaranda aeroportlaryň gurluşygy bilen baglydyr. Şol gurluşyklaryň umumy bahasy bolsa 150 million dollara barabar diýlip görkezilýär.

Bu mesele bilen bagly ne “AZAL” howa ýollary ne-de “SW Holding” kompaniýasy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna düşündiriş berip bildi. “SW Holding” kompaniýasy “AZAL-a” ýüzleniň diýdi, “AZAL” bolsa “SW Holdingiň” hususy kompaniýadygyny belläp, olaryň özi üçin özleriniň jogap bermelidigini aýtdy.

Emma bu Azerbaýjanda ýokary derejeli çinownikleriň dogan-garyndaşlaryna gümürtik ýagadaýda düşewüntli biznesiň geçmegi bilen bagly ýüze çykan ýeke-täk waka däl. Mysal üçin, ýakynda Azerbaýjanyň aragatnaşyk ministri Ziýa Mämedowyň ogly Anar Mämedowa degişli “ZGAN Holding” kompaniýasy bu ministrligiň birnäçe gurluşyk proýektini amala aşyrar. Şol gurluşyklar bolsa ýüzlerçe million dollara barabardyr.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Kemalladin Geýdarowyň ogullary – Tale hem Nejad Geýdarowlaryň eýeçiligindäki “United Enterprises International” kompaniýasy ilat arasynda köp sorag döredýär. Bu kompaniýa bekre balygyň gara işbiliniň söwdasyndan başlap, tä futbol klubuny dolandyrmak ýaly işlere çenli meşgullanýar. Olaryň eýeçiligindäki “Gabala” futbol klubunyň hatda gymmat bahaly ökde daşary ýurtly futbolçylary Azerbaýjana getirmäge-de gurby çatýar.

Emma Kemaladdin Geýdarow hem edil Ilham Aliýew ýaly öz eýeleýän emlägi barada kanuna laýyklykda hasabat bermekden boýun gaçyrýar. Şonuň üçin onuň girdeji çeşmeleri köpçülige näbelli bolup galýar.
XS
SM
MD
LG