Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň ykdysadyýeti Ýaponiýanyňkydan ozýar


Ekspertleriň çaklamasyna görä, häzirki gidişinde ösmegini dowam edip, Hytaý 2030-njy ýyla çenli Birleşen Ştatlardan hem öňe geçer.

Ekspertleriň çaklamasyna görä, häzirki gidişinde ösmegini dowam edip, Hytaý 2030-njy ýyla çenli Birleşen Ştatlardan hem öňe geçer.

Ykdysadyýet boýunça dünýäde köpden bäri ikinji orunda durýan Ýaponiýady. Ýöne indi bu orny Hytaý eýelejege meňzeýär.

Ýaponiýanyň Kabinet edarasy tarapyndan şu gün çykarylan çaklamalara esaslanýan sanlar Hytaýyň bu ýurtdan ozandygyny görkezýär. Bu sanlara görä, Ýaponiýanyň tutuş içki önümi üstümizdäki ýylyň ikinji kwartalynda 1,28 trillion dollar bolupdyr. Hytaýyňky bolsa 1,33 trillion dollar.

Nämäni aňladýar?

Bu sanlara gaty ätiýaçly baha bermek gerek. Sebäbi bu görkeziji diňe şu ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli bolan gysga döwri öz içine alýar. Bu hem ýapon ykdysadyýetiniň ösüşiniň aşa aşaklap 0,4 prosente gelen döwri. Uzagrak döwri, mysal üçin şu ýylyň birinji ýarymyny alsaň, onda Ýaponiýa ýene öňde.

Ýöne Hytaýyň, çak edilişine görä, ýylda 10 prosent tizlik bilen ösüşini göz öňünde tutsaň, Ýaponiýa 1968-nji ýylda Günbatar Germaniýany yzda galdyryp, eýelän ikinjilik ornuny uzak gorap bilmejege meňzeýär.

Şu gün Tokioda ýurduň ykdysadyýet ministri Satoşi Arai bu wakanyň ähmiýetini ol diýen ulaltmazlyga synanyşdy. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: “Kim ýokary, kim aşak, bu bir möhüm zat däl. Bu her bir ýurduň häzirki ykdysady sagatlygyny görkezýär. Biziň ýurdumyzyň ösüşi Hytaýyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan soň gelýär. Bu hem biziň ösüş strategiýamyza degişli zat”.

Ýaponiýanyň köçelerindäki adaty adamlar “boljak işe çäre ýok” diýip, muňa eýýäm boýun bolana meňzeýärler. Üstümizdäki ýylyň başlarynda pikirleri soralan adamlaryň ýarysyndan köpüsi Ýaponiýanyň ykdysady taýdan ägirt güýç bolmagy möhüm däl diýen pikirde.

Ýaponiýa üçin “bähbitli”

Analizçiler hem ykdysady taýdan güýçli ýurduň goňşusy bolmagyň Ýaponiýa üçin bähbitlidigini aýdýarlar. Olaryň biri Ýaponiýanyň Barlag institutynyň ýokary derejeli ykdysadyýetçisi Heideki Matusmura.

Matusmura: “Hytaýyň tehnologiýasynyň gowulanmagynda oňaýsyz elementler ýok däl. Bu hakykat. Sebäbi Hytaý kompaniýalary ýapon kompaniýalary bilen bäsdeşlik ederler. Ýöne munuň oňaýly taraplary-da bar. Hytaýda ösüş artsa, ýapon harytlaryny alýan adamlar köpeler. Tutuşlygyna alanyňda, Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösmegi Ýaponiýa üçin bähbitli”.

Hytaýyň ykdysady taýdan güýjemegi onuň syýasy täsirini hem artdyrar. Žurnalist Deýwid Barbozanyň şu gün, 16-njy awgustda, “New York Times” gazetinde ýazyşy ýaly Hytaý global ösüşde eýýäm esasy güýçleriň birine öwrüldi.

“Halkara sahnasynda Hytaý ýolbaşçylarynyň özlerine bolan ynamy artdy. Olar aýratyn söwda şertnamalary we millionlarça dollarlyk çig mal ylalaşyklary bilen Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasyna köp täsir edýärler” diýip, Deýwid Barboza ýazýar.

Ekspertleriň çaklamasyna görä, häzirki gidişinde ösmegini dowam edip, Hytaý 2030-njy ýyla çenli Birleşen Ştatlardan hem öňe geçer.
XS
SM
MD
LG