Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümlerde gyrgyz hökümetiniň "eli bardy"


Gazaply hereketler 10-njy iýunda Oş şäherinde turup, 11-nji iýundan 14-nji iýuna çenli özbekleriň oturýan regionlaryna hüjüm edildi.
Gazaply hereketler 10-njy iýunda Oş şäherinde turup, 11-nji iýundan 14-nji iýuna çenli özbekleriň oturýan regionlaryna hüjüm edildi.

Human Rights Watch (HRW) özüniň alyp baran giňişleýin barlaglaryna esaslanyp, gyrgyz hökümetini şu ýylyň iýunynda bolan gazaply hereketlerde özbeklere hüjüm edilmegine itergi berenlikde aýyplaýar.

Bu toparyň çykaran “Hany adalat? Günorta Gyrgyzystanda etniki zorluk we ondan soň” diýlip atlandyrylan täze hasabatynda aýdylyşyna görä, bu zorluk barada hökümet tarapyndan geçirilen barlagda nätakyklyklar bar.

“Human Rights Watch” guramasynyň hasabaty bu çaknyşyklarda pida çeken 200-den gowrak özbek, gyrgyz, şeýle hem beýleki şaýatlar, adwokatlar we adam hukuklaryny goraýjylar bilen geçirilen interwýular esasynda taýýarlanylypdyr.

Ole Solwang “Human Rights Watch” guramasynyň barlagçysy we hasabaty taýýarlanlaryň biri: “Gyrgyz hökümeti barlag geçirende bu raportda gelnen netijeleri göz öňünde tutar diýip, umyt edýäris. Biz hem halkara hem-de hökümetiň öz komissiýasy bir obýektiw barlag geçirer diýen umytda. Bu işi etseler, olar biziň gelen netijelerimize gelerler”.

Köp zyýan çekildi

Gazaply hereketler 10-njy iýunda Oş şäherinde turup, 11-nji iýundan 14-nji iýuna çenli özbekleriň oturýan regionlaryna hüjüm edildi. Özbekleriň öýleri, dükanlary otlandy. Iň bärki çaklamalar boýunça 400 töweregi adam öldi. Köp zyýan çekildi.

O.Solwang Bişkekdäki hökümetiň doly we bitarap barlag alyp barmak başarnygynyň bardygyny, ýöne hökümet resmileriniň bu işe isleg bildirmeýänligini aýdýar. Ol: “Hasabatyň görkezişi ýaly, barlaga gezek gelende, hökümetiň öz içinde çynlakaý problemalar bar” diýýär.

Prezident Roza Otunbaýewa “Human Rights Watch” guramasyna ýerli prokurorlara, polisiýa we barlagçylara kanuna laýyk hereket etmek barada hut özüniň buýruk berenligini aýdypdyr. Ýöne Solwang: “Beýle zat ýok” diýýär.

Şübhe bildirilýär

“Human Rights Watch” guramasynyň barlagçysy O.Solwang: “Köp adamlar ýersiz-ýere tutulypdyr. Tutulansoň, olar urlup-ýenjilip, horlanypdyr. Biz alnyp barlan barlaglaryň obýeketiw we bitaraplyk bilen alnyp barlandygyna şek edýäris” diýip nygtaýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň işgärleri 60-dan gowrak adamyň urlup-ýenjilendigi, gynalandygy barada öz ellerinde maglumat bardygyny aýdýarlar. Tussaglykda ýeten ýaralardan hem iň bärsinden bir adam ölüpdir.

Solwang: “Baş prokurorlyk gazaply hereketlerden bäri 243 adamyň tutulandygyny habar berdi. Bularyň diňe 29-y gyrgyz, galan 214-i özbek”. Solwangyň sözlerine görä, “Oşda we beýleki ýerlerde özbeklere ýeten zyýanlary göz öňünde tutsaň, onda bu köp zatlar barada sorag hem alada döredýär”.
XS
SM
MD
LG