Sepleriň elýeterliligi

Hazarda günbatarly kompaniýalaryň sany köpeler


Türkmenistan öz Hazar deňzindäki böleginde takmynan 11 milliard tonna nebit we 5,5 trillion kubometr tebigy gaz baýlyklarynyň bardygyny yglan edýär.

Türkmenistan öz Hazar deňzindäki böleginde takmynan 11 milliard tonna nebit we 5,5 trillion kubometr tebigy gaz baýlyklarynyň bardygyny yglan edýär.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Hazar deňzindäki 9-njy we 20-nji bloklarynyň özleşdirilmegine gatnaşdyryljak potensial kompaniýalaryň atlary agzaldy. Olaryň arasynda ABŞ-nyň “Chevron”, “ConocoPhillips”, Hýustonda ýerleşýän “TXOil Ltd” we Abu-Dabide ýerleşýän “Mubadala Oil and Gas” kompaniýalary bar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan degişli edaralara Hazardaky 9-njy we 20-nji deňiz bloklaryny özleşdirmek boýunça amerikan we arap ýangyç läheňleri - “Chevron”, “ConocoPhillips”, “TXOil Ltd” we “Mubadala Oil and Gas” kompaniýalarynyň tekliplerinden ýurt üçin iň amatlysyny saýlamak barada görkezme berildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna degişli döwlet derejesinde berlen görkezmeleriň ýene biri Hazaryň türkmen böleginde haryt paýlanyşygy esasynda alnyp barylýan proýektleriň çäginde daşky gurşawyň ýagdaýyny anyklamak işlerini tizleşdirmek meselesi boldy diýlip, habar berilýär.

Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginde haryt paýlanyşygy boýunça ylalaşyklar esasynda iş alyp barýan kompaniýalaryň arasynda 23-nji blogy özleşdirýän Germaniýanyň “RWE AG” energiýa kompaniýasy we 21-nji blokda iş alyp barýan Orsýetiň “Itera” kompaniýasy bar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň görkezmesinde ylalaşylan Nebitdag giňişligi boýunça haryt paýlanyşygyna degişli girizilmeli goşmaçalary taýýarlamak boýunça Italiýanyň “Eni” kompaniýasy bilen bilelikde alnyp barylýan işleri tizleşdirmek tabşyrygy hem berildi. Bu kompaniýa Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

Nämäniň alamaty?

“RosBiznesKonsalting” agentliginiň analitika deparatamentiniň müdiri A.Ýakowlew Türkmenistanyň nebit-gaz önümçiligine amerikan kompaniýalaryny çekmek kararyna halkara energiýa bazarlaryndaky şertlere Aşgabadyň göz ýetirýänliginiň alamaty hökmünde garaýar. Ekspert şol şertleriň köpugurlylyga we bäsdeşlige esaslanýandygyny belleýär.

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki energiýa serişdelerini özleşdirmek işlerine gatnaşmak boýunça türkmen tarapy bilen alnyp barylýan gepleşiklere Günbataryň kompaniýalarynyň ençemesi gatnaşýar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň “Exxon Mobil”, “Marathon oil”, Britaniýanyň “BP”, Fransiýanyň "TOTAL" we "GDF Suez" kompaniýalarynyň bardgyny “Reuters” agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki 9-njy we 20-nji bloklaryna amerikan nebit-gaz kompaniýalaryny çekmek bilen, energiýa serişdeleriniň özleşdirilmeginde günbatar kompaniýalarynyň sanyny köpeltmek boýunça hereketleri ýurduň öz energiýa bazaryna Orsýetiň ýangyç kompaniýalaryny goýbermezlik maksady bilen baglanyşdyrylýar.

Öwrüm

“Häzirki wagtda türkmen bazaryna aýak basmak aňsat däl, olar Günbatara tarap öwrüldi” diýip, Moskwada ýerleşýän “RosBiznesKonsalting” agentligi ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen tarapy bilen gepleşik alyp barýan Orsýetiň “Lukoil” kompaniýasyndaky çeşmesine salgylanyp ýazýar. “Lukoil” Orsýetiň iň uly hususy nebit kompaniýasy bolup durýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Hazardaky 21-nji blogy gazanmak boýunça Orsýetiň “Lukoil” kompaniýasynyň tagallalary şowsuz tamamlanypdy. Şeýle hem 2005-nji ýylda “Lukoil” Dubaýda ýerleşýän “Emirates National Oil Co” topary tarapyndan dolandyrylýan Hazardaky “Dragon Oil” kompaniýasyndan aksiýa satyn almakçy bolupdy, emma bu başa barmandy.

Merkezi Aziýa regiony boýunça analitik, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, Türkmenistanyň soňky karary ýurduň garaşsyz energiýa syýasatyna eýerýänligini tassyklaýar we Aşgabadyň gaz geçirijileriniň, energiýa pudagynyň hem-de energiýa bazarlarynyň Orsýetden özbaşdaklygyny üpjün etmäge çalyşýanlygyny görkezýär.

“Türkmenistanyň köpugurly we özbaşdak energiýa syýasaty Orsýetiň göwnünden turmaýan hem bolsa, bu prosesiň öňüni almaga ukybynyň çäklidigine göz ýetirýän Moskwa garaşmak pozisiýasyny eýelemäge mejbur bolýar” diýip, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfetdin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Hyzmatdaşlygyň netijeliligi

A.Ýakowlewiň pikirine görä, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň netijeliligi açyk-aýdyňlyga bagly bolar. Bilermen hakyky bäsdeşligiň ykdysady taýdan bähitlidigini belläp, ol energiýa pudagynyň, adatça, ykdysady dildüwşükleriň we korrupsiýanyň gülläp ösýän pudagy bolup durýanlygyna hem ünsi çekdi.

Halkara guramalaryň yzygiderli ýaýradýan hasabatlaryna görä, Türkmenistan adam hukuklaryny gödek depeleýän ýurt bolup galýar. Syýasy, raýat we ykdysady azatlyklaryň derejeleri hem adam hukuklarynyň ýagdaýy barada adam hukuklaryny goraýjy halkara edaralaryň hasabatlarynda Türkmenistan ýyllar boýy iň agyr ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda galýar.

Emma käbir synçylar ýurduň syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegi, hususanda adam hukuklary, açyk metbugat we kanunyň hökmürowanlygy ýaly meselelere aýratyn üns berýän Günbataryň kompaniýalarynyň ýurda aralaşmagy içerki ýagdaýynyň özgermegine hem ýol açýar diýip, hasap edýärler. Ekspert M.Seýfetdin bu prosesiň wagt talap etjegini hem duýdurýar.

Türkmenistan öz Hazar deňzindäki böleginde takmynan 11 milliard tonna nebit we 5,5 trillion kubometr tebigy gaz baýlyklarynyň bardygyny yglan edýär. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen ýalpaklarynda Germaniýanyň “Wintershall”, Kanadanyň "Buried Hill" we Malaýziýanyň "Petronas" kompaniýalary hem öňden bäri iş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG