Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 3.5 million çaga howp astynda


BMG Pakistanda emele gelen sil heläkçiligi zerarly peýda bolan täze wirusyň 3.5 milion töweregi çaga howp abandyrýanlygyny habar berýär.

BMG-niň metbugat wekili Maurizio Giuliano duşenbe güni eden çykyşynda “ýurtda mergi keseli ýüze çyksa, Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy 140,000 adama ýardam bermäge taýýar” diýdi.

Giulianonyň aýtmagyna görä, esasy gorkulýan zat - suw we saglyk. Sebäbi ýurduň agyz suwy sistemasyna siliň suwy aralaşdy.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-Mun 15-nji awgustda Pakistana baryp, bu betbagtçylygyň 20 million töweregi ilata ýaramaz täsirini ýetirenligini belläpdi.
XS
SM
MD
LG