Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň prezidenti azeri kärdeşi bilen duşuşdy


Duşenbe güni resmi sapar bilen Azerbaýjana baran Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül prezident Ylham Alyýew bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň barşynda Abdylla Gül bilen Ylham Alyýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň «strategik partnýorlygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy» baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Düýnki duşuşygyň yzy bilen eden çykyşynda Abdylla Gül öz ýurdunyň günorta Kawkaz regionyndaky problemalaryň, şol sanda, Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly problemanyň hem parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň tarapynda çykyş edýändigini nygtady.

Türkiýäniň prezidenti Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasizäde, parlamentiň spikeri Ogtaý Asadow we Kawkaz musulmanlarynyň baş müftüsi Allaşükür Paşazäde dagylar bilen hem duşuşdy.
XS
SM
MD
LG