Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan senatory Nýu Ýorkdaky metjit planyna garşy


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň demokratik partiýasyndan tanymal senatorlardan biri Harri Reýd Nýu-Ýork şäherinde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjüminiň bolan ýerine golaý ýerde musulman metjidiniň gurulmagyna açyk garşy çykyş etdi.

Ol bu meselede prezident Barak Obamanyň garaýşy bilen ylalaşmaýandygyny bildirdi. Hususan-da, senator Harri Reýd Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasynda dini azatlygyň goralýandygyny bellemek bilen bir wagtda, göz öňünde tutulýan bu metjidiň gurluşygynyň «başga bir ýerde» amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Nýu-Ýork şäheriniň merkezinde metjidiň gurulmagyna garşy çykyş edýänler bu metjidiň gurluşygynyň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda yslamçy terrorçylar tarapyndan amala aşyryldy diýilýän hüjümde pida bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň ýarasyny gozgamak boljakdygyny öňe sürýärler.

Geçen hepdäniň anna güni prezident Barak Obama Nýu-Ýork şäheriniň merkezinde şeýle metjidiň gurulmagyny goldaýandygyny aýdyp çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG