Sepleriň elýeterliligi

Eýran urany baýlaşdyrmak işini dowam etdirer


Duşenbe güni prezident Mahmud Ahmedinejat Eýranyň urany baýlaşdyrmak işlerini dowam etdirmelidigi barada ýörite permana gol çekdi.

Onuň gol çeken bu permanynda Eýranyň öz ýadro işleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Atom agentligi bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň hem diňe ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky halkara şertnamasynyň çygyrlary bilen çäklenmelidigi nygtalýar.

Prezident Ahmedinejatyň gol çeken bu permanyndan birnäçe gün öň Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýadro energiýasy we ýadro ýangyjy meselesinde Orsýetiň Eýrana ýardam berýändigine salgylanmak bilen, Eýranyň özüniň urany baýlaşdyrmagy üçin zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, çykyş edipdi.

Düýn Eýranyň Atom energiýasy boýuna guramasynyň başlygy Aly Akbar Salehi öz ýurdunyň urany baýlaşdyryjy täze merkezleri gurmaklygy planlaşdyrýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG