Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýanyň Orsýetdäki diplomaty “persona non grata”


Duşenbe güni Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Rumyniýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň syýasy bölüminiň birinji sekretary Gabriel Gresuwy içalyçylykly işlerde aýyplap tussag etdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Gabriel Gresuwyň Orsýetiň bir raýatyndan gizlin harby maglumatlary almaga synanyşan wagty tussag edilendigini mälim etdi.

Bu bolan waka barada Rumyniýanyň Moskwadaky ilçihanasy häzirlikçe hiç hili beýanat ýaýratmady.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Rumyniýanyň ilçihanasynyň syýasy bölüminiň birinji sekretary Gabriel Gresuwy «ýurtda islenilmeýän adam» diýip yglan edip, onuň 48 sagadyň içinde Orsýetiň territoriýasyny terk etmelidigi barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG