Sepleriň elýeterliligi

Amerikan esgerleri Owganystandan haçan çykar?


Amerikan esgerleri dikuçara münmegiň öňüsyrasynda, Kandahar, 14-nji maý, 2010-njy ýyl.

Amerikan esgerleri dikuçara münmegiň öňüsyrasynda, Kandahar, 14-nji maý, 2010-njy ýyl.

Prezident Barak Obama 2011-nji ýylyň iýulyndan başlap, amerikan esgerleriniň Owganystandan çykaryljakdygyny aýdypdy.

Ýöne amerikan we NATO güýçleriniň Owganystandaky başlygy general Deýwid Petreus bu işiň 2011-nji ýylda ýol aljakdygyna şübheli garaýar. Onuň aýtmagyna görä, esgerleriň çykarylmagy Owganystandaky ýagdaýa bagly.

Petreusyň bu aýdanlarynyň Obamanyň administrasiýasynda bölünişige getirmegi mümkin. Sebäbi goranmak ministri Robert Geýts: “Esgerleriň yzyna gaýtaryljak senesi belli” diýip, generalyň aýdanlaryna berk gaýtawul berdi.

“Entek ir”

General Deýwid Petreus
General Petreus 15-nji awgustda amerikan telewideniýesine beren interwýusynda: “Talibana garşy söweş bir gowşap, bir güýjäp dowam edip gelýän proses. Onuň näderejede üstünlikli boljakdygyny kesgitlärden entek ir” diýdi.

Bellenen sene barada soralanda general Petreus esgerleriň Owganystandan çykarylmagyny Obamanyň haýsydyr bir hadysa däl-de, proses diýip kesgitländigini, prezidentiň bellän senesinde bu işiň ýol almagynyň beýleki şertlere baglydygyny aýtdy.

“Agzalan wagt bu prosesiň başlanmagy barada göz öňünde tutulan sene. Ol belli bir şertlere esaslanýar. Ýagdaý ýol berse, biz öz edýän işlerimizi owganystanly kärdeşlerimize, howpsuzlyk güýçlerine we dürli hökümet edaralaryndaky adamlara tabşyrarys. Onsoň esgerlerimizi jogapkärçilik bilen Owganystandan çykaryp bileris” diýip, Petreus belledi.

General Petreus şular ýaly pikirleri media beren beýleki interwýularynda-da mälim etdi. Ol “NewYork Times” gazetine beren bir interwiýusynda: “Taliban ýeňiş gazanmak üçin amerikan güýçleri çykýança, az-kem garaşmak gerek diýip pikir edýän bolsa, ýalňyşýar” diýdi.

Geýts başga pikirde

ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts
Goranmak ministri Robert Geýts bolsa “The Los Angeles Times” gazetine beren interwýusynda başga äheňde gürläp: “Biziň 2011-nji ýylda esgerlerimizi çykaryp başlajakdygymyz barada hiç bir adamyň aňynda şek-şübhe ýok” diýdi.

Prezident Barak Obamanyň 2011-nji ýylyň iýuly diýip bellän senesi käbir adamlar tarapyndan ýiti tankytlanýar. Olar bu işiň Talibany “amerikanlar basym gider” diýip, söweşe höweslendirmeginden gorkýarlar.

General Deýwid Petreus administrasiýanyň esgerleri tapgyrlaýyn çykarmak baradaky syýasatyna eýerse-de, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan bilen iş salyşmagy hemişelik bolmaly diýen pikirde.

Petreus: “Biziň Owganystan bilen iş salyşmagymyz dowamly bolar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen owgan ýaranlarymyz käbir ugurlarda köpräk, biz hem käbir ugurlarda azraky iş edip, munuň häsiýetiniň üýtgemegi mümkin” diýýär.

Bu interwýu general Petreusyň Owganystanda 140 müň adamlyk NATO güýçleriniň ýolbaşçylygyna belleneli bäri beren ilkinji interwýusydyr.
XS
SM
MD
LG