Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Igor Sutýagin: “Men asla içaly däldim”


Ýadro ýaraglary boýunça orsýetli ekspert Igor Sutýagin Moskwadaky suduň zalynda, 7-nji aprel, 2004-nji ýyl.

Ýadro ýaraglary boýunça orsýetli ekspert Igor Sutýagin Moskwadaky suduň zalynda, 7-nji aprel, 2004-nji ýyl.

Sowuk uruşdan soňra içalylary çalyşmak boýunça ädilen iň uly ädimlerden biri ýakynda Orsýet bilen ABŞ-nyň arasynda bolup geçdi.

Şol wakada Orsýetiň bähbidine içalyçylyk edýänlikde güman edilip, ýakynda Amerikada tussag edilen 10 adamynyň deregine Günbataryň içalysy diýlen aýyplama bilen Orsýetiň türmelerinde saklanylýan dört adam boşadyldy.

Orsýet tarapyndan azat edilen bendilerden biri hem ýadro serişdeleri boýunça öňki rus alymy Igor Sutýagindir. Emma ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde özüniň hiç haçan Günbataryň peýdasyna içalyçylyk etmändigini aýtdy.

Sutýagin häzir Britaniýada ýaşaýar. Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren ýörite interwýusynda ol özüniň bagyşlanmagyny haýyş edip ýazan haty hakda berlen soraga şeýle jogap berdi: “Men şol haty maňa ýöňkelýän aýyplamalary kabul edýänligim üçin däl, meger, beýlekileriň, şol sanda ABŞ-da içalylykda aýyplanyp, tussag edilen rus graždanlarynyň azat edilmegi üçin şeýle hatyň ýazylmagynyň zerurdygy hakda düşündiriş berlenligi üçin ýazdym”.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysy Nataliýa Golitsynanyň siz içalylyk işi bilen meşgullandyňyzmy diýlen soragyna jogap berip, Sutýagin şeýle diýdi: “Men hiç wagtda içaly bolmandym. Sebäbi birinji nobatda men öz watanym üçin işledim, öz ýurdum barasynda pikir etdim we onuň aladasyny etdim. Elbetde, men hiç wagtda içaly bolmandym, hatda sudda prokuror meni öz ýurdumyň bähbitlerini daşary ýurtlularyň öňünde goranlygym üçin aýyplady, şoňa meniň hukugymyň ýokdugyny aýtdy. Ýöne ol bir zady boýun aldy, meniň hut Orsýetiň bähbitlerini daşary ýurtlularyň öňünde goranlygymy”.

Sutýagin Orsýetiň bähbidine içalylyk edýänlikde güman edilip, ýakynda Amerikada tussag edilen 10 rus graždanynyň deregine Orsýetiň türmelerinden azat edilen dört orsýetliden biridir. Ol 9-njy iýulda azat edilensoň, Britaniýada ýerleşdi.

Sutýagin ýene şeýle diýdi: “Rus ýolbaşçylary meni bagyşlamaklaryny sorap hat ýazmagymy, şeýlelikde meni “biabraý etmän” boşatjakdyklaryny aýdyp, 2005-nji ýylda-da maňa ýüzlendiler, emma men bu barada olar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürdim”.

“Ýalňyşlyk”

Sutýagin ýakynda azat edilmezden ozal hem günäsiniň geçilmegini sorap hat ýazmaly boldy, şonda ol “ýalňyşlyk” göyberenligini boýun aldy. Emma Sutýagin bu hatyň özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary boýun alýanlygyny aňlatmaýanlygyny belleýär.

“Olaryň biri meniň ýanyma gelip, barmagyny ýokary çommaldyp, şeýle diýdi: Özüňem bilýärsiň, Sutýaginiň türmede oturmagyny islemeýän adamlar bar, emma munuň diňe bir sany çözgüdi bar. Olar özleriniň ýalňyşlyk göýberenligini hiç haçan boýun almazlar. Emma olar seni türmeden çykaryp, alyp gitmek isleýärler, sebäbi olar bu ýagdaýdan ýeňlip başladylar, olar biabraý bolman, seni türmeden çykarmak isleýärler. Bu işi amala aşyrmagyň ugry – seni bagyşlamakdyr, olar seni bagyşlarlar. Saňa türmäni terk etmäge rugsat ediler, şunlukda olar häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan ähli negatiw kynçylyklaryndan halas bolarlar, sen olara kömek etmeli” diýip, Sutýagin özüne diýlen zatlary gürrüň berýär.

Sutýagin mundan ozal 2006 we 2007-nji ýyllarda hem özüne edilen şeýle teklipleri ret edenligini nygtap, ýene şeýle diýdi: “Şeýle teklipleri ret etmegimiň sebäbi, olaryň maňa garşy ýönkelýän aýyplamalary boýun alyp, hat ýazmagymy soramagydyr. Men “ýok” diýenimde, sen olaryň ýagdaýyny görmelidiň, emma bu gezek “hawa” diýmek zerurdy. Sebäbi bu diňe meniň bilen bagly bir mesele däldi”.

45 ýaşyndaky Sutýagin Orsýete degişli gizlin maglumatlary düýbi Londonda ýerleşýän we Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy bilen ilteşigi bolanlygy aýdylýan bir edara iberýänlikde aýyplanyp, 2004-nji ýylda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Sutýagin azat edilensoň, Orsýetden gaýdan uçarynyň Londonyň Heathrow aeroportyna däl-de, eýse Britaniýanyň howa güýçlerine degişli aeroportyna gonanlygyny belledi.

Sutýagin başga bir ýurduň deregine Britaniýada ýaşamakdan özüniň gaty razydygyny belläp, boş wagtyny klassyky aýdym-sazlary efire berýän radiogepleşiklerini diňläp geçirýänligini aýtdy. London barada öwgüli sözleri aýtsa-da, ol bir günden bir gün Orsýete dolanmaga bolan umydyny hem beýan etmekden çekinmedi.
XS
SM
MD
LG