Sepleriň elýeterliligi

Özbek “Yslamçy hereketiniň” lideri ýene öldi


Özbegistanyň “Yslamçy hereketiniň” öňki lideri Tahyr Ýoldaş

Özbegistanyň “Yslamçy hereketiniň” öňki lideri Tahyr Ýoldaş

Özbegistanyň “Yslamçy hereketiniň” başlygy Tahyr Ýoldaş ýene bir gezek öldi. Tahyr Ýoldaş öldi diýlip, ozal hem köp aýdylypdy welin, ýöne bu gezek onuň ölenine yslam ýyl hasabyndan şu gün bir ýyl dolandygyny tassyklan “Yslamçy hereketiň” özi.

Ýoldaşyň 2009-njy ýylyň 27-nji awgustynda pakistan-owgan serhetýaka etraplaryna urlan zarbada ölendigi ozal hem çaklanýardy. Ýöne Al-Kaýda we Taliban bilen baglanyşykly soweşiji ýolbaşçylaryň ölendigini anyklamak aňsat däl.

Tahyr Ýoldaşyň jesedi
Özbegistanyň “Yslamçy hereketiniň” internet sahypasynda (furqon.com) ýerleşdirilen bir audioýazgyda “Emir Muhammad Tahyr Faruk 17-nji awgustda oraza aýynyň 6-njy güni raketa zarbasynda heläk boldy” diýilýär.

“Amerikanyň içaly uçary tarapyndan bolan bir hüjümde öten 1430-njy hijri ýylynyň oraza aýynyň 6-na, penşenbe güni öýle namazyndan soň, Günorta Waziristanda Tahyr Rahimullah birnäçe mujahet doganlarymyz bilen birlikde şehit boldy” diýip, hereketiň täze başlygy Osman Odil aýdýar.

Sowet Soýuzy dargap, Özbegistan garaşsyz bolanyndan az wagt soň, Tahyr Ýoldaş dosty Jumaboý Hojaýew (Juma Namangany) bilen “Towba” atly yslamçy guramanyň düýbüni tutýar. Bu gurama 1991 we 1992-nji ýyllarda Namanganda şerigat kanunyny ornatmaga synanyşýar.

Ýöne Ýoldaşyň bir saparynda prezident Yslam Kerimowa ýurdy nähili dolandyrmak barada sapak bermäge synanyşmagy onuň bilen birlikde Hojaýewiň hem adynyň Özbegistan hökümetiniň pitneçileriň sanawyna girizmegine sebäp bolýar. Onsoň olar goňşy Täjigistana gaçyp, ol ýerde hökümete garşy bir yslamçy topara goşulýarlar.

Bir ýerlere gitdi...

Şondan soň Ýoldaşyň ady kän bir çykanokdy. Käbir adamlar onuň yslam we Muhammet pygamber barada öz bilimini artyrmak üçin Saud Arabystanyna, belki-de beýleki arap ýurtlaryna gidendigini aýdýardylar.

Onuň özi bir audioýazgyda Gurhandan habarlydygyny bildirýär: “Men Alla ýalbarýaryn, eger biriniň, garry bolsun ýa ýaş, tapawudy ýok, mende jan algysy, mal algysy bar bolsa, ýa birini ýamanatly eden bolsam, gelip algysyny sorasyn. Inşallah, Allanyň adyndan kasam edýärin, men öz borjumy ýerine ýetirerin. Hiç kim çekinmesin, aýtsyn. Men bu bergimi kyýamata äkitmekçi däl. Sebäbi biziň ählimiziň bir gün şehit bolmagymyz mümkin”.

Ýoldaş 1997-nji ýylda Täjigistana gelip, öz dosty Juma Namangany bilen özbek hökümetini agdarmagyň kül-külüne düşýär. Soň hem olar bir beýannama çykaryp, özleriniň Özbegistanyň “Yslamçy hereketidigini”, maksatlarynyň hem türmelerde oturan müňlerçe bigünä musulmany azatlyga çykarmakdygyny aýdýarlar.

Özbegistanyň ”Yslamçy hereketi” Al-Kaýda we Taliban bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. 2001-nji ýylda Ýoldaş bilen Namangany Taliban bilen güýç birikdirmegi karar etdiler. 2001-nji ýylyň noýabrynda amerikanlaryň hüjümlerinde Namangany bombadan öldi.

Ýoldaşyň ýerine Özbegistanyň “Yslamçy hereketine” başlyk bolan Osman Odil barada bilinýän zatlar köp däl. Internet sahypasynda ýerleşdirilen suratynda ol ýaş görünýär. Odil özüniň Ýoldaşyň ýoluny dowam etdirjekdigini aýdýar: “Biziň mujahetlerimiz Allanyň kömegi bilen dogry ýoldan dönmez. Olar Allanyň kelamyny tutuş dünýäde mukaddes etmek üçin öz mukaddes jyhatlaryny dowam etidirerler”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG