Sepleriň elýeterliligi

Karzaý iki owganyň daşlanyp öldürilmegini ýazgardy


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý iki ýaş juwanyň Taliban topary tarapyndan daşlanyp öldürilmegini ýiti ýazgardy.

15-nji awgustda Owganystanyň Kunduz welaýatynda 23 ýaşly zenanyň we 28 ýaşly ýigidiň halaşandyklary üçin daşlanyp öldürilendigi habar berildi.

Karzaýyň edarasynyň beýanatynda “bikanuň ýaraglanan topar tarapyndan iki ýaş owganyň hiç hili sud edilmezden öldürilmegi adamkärçiligiň we yslamyň prinsiplerine garşy gelýär” diýilýär.
XS
SM
MD
LG