Sepleriň elýeterliligi

Demokratik ritorika


Narodetski: "Daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlar üçin döwletiň döredýän problemalaryny we çäklendirmelerini öz tassyklamalary bilen ministr R.Meredow nähili baglanyşdyryp biler?"

Narodetski: "Daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlar üçin döwletiň döredýän problemalaryny we çäklendirmelerini öz tassyklamalary bilen ministr R.Meredow nähili baglanyşdyryp biler?"

Türkmen ýolbaşçylary demokratik hakykatdan diýseň uzak Türkmenistanyň häzirki ýagdaýyna garamazdan, öz gazanan üstünliklerini arşa götermekde demokratik ritorikany häli-şindi ulanyp başladylar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň maslahatynda: “Ýurt ähli alan borçlaryny, şol sanda adam hukuklaryny berjaý etmek we demokratik prosessleri çuňlaşdyrmak boýunça borçlaryny gyşarnyksyz ýetiren ýetirýär” –diýip, bütin dünýä eşider ýaly aýtdy.

Bu sözleriň hakyky bahasynyň näçedigini ýurduň içinde graždanlar hemmeden gowy bilýär. Belki ministriň özem, sypaýy aýdylanda, öz tassyklamalary bilen türkmen hakykatynyň arasyndaky tapawutlara düşünýändir.

Ýöne türkmen ýolbaşçylarynyň şunuň ýaly propagandistik çykyşlaryny dünýä jemgyýetçiligi diňe şu gün görenok, şu wagt eşidenok. Häkimiýetleriň aýdýanlarynyň çepbesine çöwrülen, oňa düýbünden garşy gelýän türkmen durmuşynyň real suratyny adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar berýärler we Türkmenistanyň ýer togalagynda iň repressiw režimleriň biridigini üznüksiz tassyklaýarlar.

Pöwhe şygarlara, boş sözlere esaslanýan türkmen ideologiýasyndan tapawutlylykda garaşsyz halkara guramalar adam hukuklarynyň we demokratik azatlyklaryň Türkmenistanda bozulýandygy barasynda anyk faktlar getirýärler.

Esasy azatlyklar

Türkmenistanlylaryň köpçülikleýin häsiýetde äsgerilmeýän hukuklarynyň biri - olaryň erkin ondan oňa baryp-gelmek, ýurtdan çykmak we ýurda dolanmak hukugydyr. Daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlar üçin döwletiň döredýän problemalaryny we çäklendirmelerini öz tassyklamalary bilen ministr R.Meredow nähili baglanyşdyryp biler?

Baryp S. Nyýazow döwründe ýurdy daşarky dünýäden doly üzňeleşdiren, izolýasiýa salan aýylganç sistema döredilipdi. Mundan başga Nyýazow režimi adamlaryň ondan oňa baryp- gelmek meselesini akyla sygmajak derejä ýetiripdi. Ýurduň içinde hereketem çäklendirilipdi. Ol etrapdan beýlekisine, bir şäherden ikinjisine baryp-gelmek türkmenistanlylar üçin hupbatdy, olaryň şol hereketine, gatnawyna ýerli häkimietler gözegçilik edýärdi.

Şol gözegçiligiň, ylaýta-da ýurtdan çykmaga we ýurda dolanmaga gözegçiligiň şu günki güne çenli saklanyp galandygyny bellemek gerek. Döwlet diktaty diňe bir hukuklary, has dogrusy türkmenistanlylaryň hukuksyzlygy, hereket gadaganlygy bilen çäklenmeýär.

Türme sistemasyny, azatlyklary aňrybaş çäklendirmeleri açykladyrmaga, liberallaşdyrmaga türkmen ýolbaşçylary eýýäm ençeme gezek söz berdiler. Jezanyň iň ýokary derejesi - 25 ýyl türme tussaglygyna ýaňadan serediljekdigini Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi aýtdy.

Başa baranok

Şol liberallaşdyrmany prezident içerki kanunlary halkara demokratik standartlara bap getirmegiň zerurlygy bilen baglanyşdyrdy. Emma bu aýdylan başa barmady, durmuşda amala aşmady. Ýöne şu fakta garamazdan R.Meredow Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça alan halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini köpçüligiň içinde tassyklaýar.

Häkimiýetler eden real işleri bilen delillendirip, esaslandyryp bilmejek bu beýannnama-tassyklamasyny kimlere niýetleýärkä? Ýurduň propagandistik maşyny Türkmenistanyň dünýäde iň gazaply režimleriň biridigi baradaky täsirleri ýumşadyp, prezidentiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gitmegine dykgatly taýýarlyk görýän bolmagy-da mümkin.

Şol hökümet maslahatynda prezident BMG-niň sessiýasyna ideologiýa taýdan gowy taýýarlyk görmäge tabşyryk beripdi. Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň sessiýanyň işine gatnaşmagynyň propagandistik üpjünçiliginiň esasy ugurlaryny bezäp-beslemek, timarlamak, taraşlamak üçin ýörite, doly möçberli konferensiýa gçirmäge-de görkezme beripdi.

Bu rowaýat, gury şagalaňlar kime derkar? Türkmen häkimiýetleriniň şol görýän çäreleri bütin dünýäde ajy ýylgyrma, ýaňsy bilen garşylanýar. Şol rowaýata her gün režim bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmenler ynanaýmasa!

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG