Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki partlamada 20 adam ýaralandy


Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Pýatigorsk şäherinde bolan bomba partlamasy netijesinde 20 adam ýaralandy. Partlama nämäniň sebäp bolandygy anyk däl.

Orsýetiň habar gulluklary kafeniň golaýynda duran maşynyň partlandygyny habar berdiler.

Stawropol regionynyň polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Stanislaw Belýaýew bu waka bilen bagly jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

17-nji awgustda Orsýetiň Wladikawkaz şäherinde bolan hüjümde hem bir polisiýa işgäriniň öldürilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG