Sepleriň elýeterliligi

Saýano-Şuşinskidäki wakanyň ýyl dönümi bellenildi


17-nji awgustda Saýano-Şuşenski gidro-elektro stansiýasynda bolan heläkçiligiň ýyl dönümi bellenildi.

Sişenbe güni bu ýerde işleýän adamlaryň ýaşaýan Çeremuşki obasynda heläk bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanyp dürli çäreler geçirildi.

2009-njy ýylyň 17-nji awgustynda Günorta Sibirde bolan güýçli partlama zerarly zawodyň diwarlary ýykylyp, turbina otagyny suw basypdy. Bu wakada 75 adam heläk boldy.

Ölenleriň dogan garyndaşlary bu pajygaly waka barada hakykaty aýtmagy häkimiýetlerden talap etdip, halas ediş operasiýalarynyň gidişine şübhe bildiripdiler.

Saýano-Şuşenski gidro-elektro stansiýasy Orsýetiň iň uly elektro stansiýalarynyň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG