Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýa banky Pakistana 900 million dollar karz berer


Bütindünýa banky Pakistana tebigy betbagtçylykdan soňky dikeldiş işleriniň geçirilmegi üçin 900 million dollar möçberinde karz pul berjekdigini yglan etdi.

BMG Pakistanda suw joşmasyndan ejir çeken 20 milliona golaý adama kömek üçin zerur bolan 460 million dollary halkara donorlardan ýygnamagy başarmandygyny mälim edipdi.

Pakistandaky sil heläkçiliginden soňky dikeldiş işleri üçin 15 millard dollara golaý serişdäniň gerek boljakdygy çaklanýar.
XS
SM
MD
LG