Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Ysraýyldaky Ilçihanasyna giren palestin tussag


Düýn Türkiýäniň Ysraýyldaky Ilçihanasynda bu ilçihananyň işgärlerini zamunlykda saklan Nadim Injaz tussag edildi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ýigal Palmor Türkiýäniň polisiýasy tarapyndan tussag edilen Nadim Injazyň Palestinanyň Ramallah şäheriniň ýaşaýjysydygyny tassyklady.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi pyçak bilen ýaraglanan Nadim Injazyň oýunjak sapançany ulanyp, Türkiýäniň Tel-Awiwdäki Ilçihanasynyň işgärlerini birnäçe sagat zamunlykda saklandygyny we özüne Türkiýeden syýasy gaçybatalga berilmegini talap edendigini habar berdi.

Ysraýylyň polisiýasynyň maglumatyna görä, Nadim Injaz mundan öň 2006-njy ýylda hem syýasy gaçybatalga talap edip, Britaniýanyň Ilçihanasyna eden şular ýaly hüjümi üçin türmä basylypdyr we ýaňy-ýakyn tussaglykdan çykypdyr.
XS
SM
MD
LG