Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan raýatlaryna Kuba sapar etmeklik ýeňilleşdiriler


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy amerikan raýatlaryna Kuba sapar etmekligi ýeňilleşdirmekligi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Munuň özi soňky 50 ýylyň dowamynda Kuba sapar etmek meselesinde girizilen çäklendirmeleriň ilkinji gezek ýeňilleşdirilmesi hökmünde alamatlanar.

Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri bu täze ýeňilleşdirmeleriň Waşingtonyň Kuba garşy girizen söwda gadagançylyklaryna täsir etmejekdigini aýdýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, täze düzgünler Kuba barmak isleýän studentleriň, mugallymlaryň we ylmy spesialistleriň bu ýurda sapar etmek mümkinçiliklerini ýeňilleşdirer.

Geçen ýyl prezident Obamanyň gol çeken karary netijesinde Birleşen Ştatlarda ýaşaýan kubalylaryň öz ata watanlaryna sapar etmek we ol ýerdäki öz dogan-garyndaşlaryna pul ibermek düzgünleri has ýeňilleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG