Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýa Orsýetiň bir diplomatyny ýurtdan çykardy


Sişenbe güni Rumyniýanyň hökümeti bu ýurduň Orsýetdäki diplomatynyň içalyçylykda aýyplanylyp yzyna ugradylmagyna jogap edip, Orsýetiň Rumyniýadaky bir diplomatyny ýurtdan çykardy.

Hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Rumyniýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň syýasy bölüminiň birinji sekretary Gabriel Gresuwy içalyçylykly işlerde aýyplap tussag edipdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Gabriel Gresuwyň Orsýetiň bir raýatyndan gizlin harby maglumatlary almaga synanyşan wagty tussag edilendigini habar berdi.

Şol wakanyň yzy bilenem, Orsýetiň Içeri işler ministrligi Rumyniýanyň bu diplomatyny «ýurtda islenilmeýän adam» diýip yglan edip, ony öz ýurduna ugratdy.
XS
SM
MD
LG