Sepleriň elýeterliligi

Haririniň öldürilmegi boýunça deliller BMG-niň toparynda


Sişenbe güni Liwanyň hökümeti bu ýurduň ozalky premýer-ministri Rafik Haririniň öldürilmeginde Ysraýylyň eliniň bardygy barada Liwanyň Hizbulla toparynyň resmi delillerini BMG-niň derňew toparyna tabşyrdy.

Ýakynda Liwanyň Hizbulla topary 2005-nji ýylda Rafik Haririniň janyna kast edilip öldürilmeginde hut Ysraýylyň eliniň bardygy barada beýanat bilen çykyş edipdi.

Ýöne Rafik Haririniň ölümi boýunça derňew alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň derňew topary şu çaka çenli bu wakada Ysraýylyň elinin bar bolmagynyň mümkindigi barada hiç hili garaýşy öňe sürmändi.

Liwanyň Hizbulla topary bolsa, BMG-niň derňew toparyny tarapgöý derňew alyp barmakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG