Sepleriň elýeterliligi

Medwedew owgan we pakistan resmileri bilen duşuşar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň Soçi şäherinde Owganystanyň we Pakistanyň döwlet liderleri bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu duşuşykda prezident Medwedew Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem-de Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari bilen regiondaky howpsuzlyk meselesi we neşe gaçakçylygy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

Neşe gaçakçylygynyň esasy tranzit ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmonyň hem bu duşuşyga gatnaşjakdygy habar berilýär.

Orsýetiň resmileri Owganystandan bikanun ýollar bilen çykarylýan neşe maddalarynyň belli bir böleginiň Orsýetiň territoriýasyna ýaýradylýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG