Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda «Awaza-2010» aýdym-saz festiwaly açyldy


Şu gün Türkmenistanda «Awaza-2010» ady bilen Halkara aýdym-saz festiwaly açyldy. Üç gün dowam etjek bu döredijilik festiwaly Balkan welaýatynda geçirilýär.

Bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan gurnalýar.

Oňa dünýäniň 21 ýurdundan döredijilik kollektiwleri we tanymal estrada aýdymçylary gatnaşar diýlip garaşylýar.

Türkmenistandan bu festiwala iki ýüzden gowrak aýdymçynyň, sazandanyň we tansçynyň gatnaşjakdygy habar berilýär.

«Awaza-2010» Halkara aýdym-saz festiwalynyň jemleýji dabarasy 20-nji awgustda bolar we şol gün festiwalyň ýeňijilerine diplomlar gowşurylar.
XS
SM
MD
LG