Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ýaşlarynyň daşlanyp öldürilmegi we şerigat


Owganystandaky talyplaryň dolandyryjy şurasynyň agzasy Mullah Wakil Kandaharda, noýabr, 2009-njy ýyl.
Owganystandaky talyplaryň dolandyryjy şurasynyň agzasy Mullah Wakil Kandaharda, noýabr, 2009-njy ýyl.

Yslam dindarlary we alymlary 15-nji awgustda Owganystanyň Gunduz welaýatynda 23 ýaşly aýalyň we 28 ýaşly ýigidiň azgynlykda aýyplanyp, talyplar tarapyndan daşlanyp öldürilmegini ýazgardylar. Bu waka Owganystanda şerigatyň kanunlarynyň näderejede dogry düşündirilýändigi baradaky jedelleriň döremegine getirdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem dindarlardyr alymlara goşulyp, iki ýaş owganyň talyban topary tarapyndan daşlanyp öldürilmegini ýiti ýazgardy.

Bu 20 ýaşlaryndaky ýaşlary talyplar azgynlykda we bozuklykda aýypladylar. Ýaşlaryň daşlanmak arkaly jezalandyrylmagy bilen bagly ýagdaý 9 ýyl mundan ozal talyplaryň režimi dargadylansoň, ilkinji gezek ýüze çykdy.

Talyplaryň gözegçiliginde bolan obada şeýle ýowuz jezanyň ýerine ýetirilmegi Owganystanyň graždan jemgyýeti, halkara hukuk goraýjy guramalar we ady belli yslam alymlary tarapyndan ýiti ýazgaryldy.

Karzaýyň hökümetiniň bu barada ýaýradan beýanatynda ýaş juwanlaryň öldürilmegi “bagyşlanyp bilinmejek jenaýat” diýlip atlandyryldy. Bu beýanatda “bikanun ýaragly topar tarapyndan iki ýaş owganyň hiç hili sud edilmezden öldürilmegi adamkärçiligiň we yslamyň prinsiplerine garşy gelýär” diýilýär.

Jedeller artdy

Talyplar, halaşyp, obalaryndan gaçyp giden iki sany ýaş juwany geçen hepde aldaw ýollary bilen dogduk obasyna gaýtaryp getirdiler. Soňra-da olary tutup, ýerli mollalar bilen geçirilen maslahatda ölüm jezasyna höküm etdiler.

Bu ýowuz waka Owganystanda şerigatyň kanunlarynyň düşündirilişi hakdaky jedelleriň has hem artmagyna getirdi. Bu diskussiýalar geçen hepde Kabulda başlandy. Ol ýere yslam dindarlarynyň 350-si ýygnanyp, Owganystanda yslamyň jenaýat kodeksi hasaplanýan Hudoodyň ýöredilmegini talap etdiler.

Şol bir wagtda-da Owganystanyň häzirki Konstitusiýasyna şerigatda ýerine ýetirilmeli hemme kanunlar girizildi. Şerigat takyk kanunlardan ybaratmy ýa-da bu kanunlara milli özboluşlyklar utgaşyp, ony has çylşyrymlaşdyrýarmy diýen mesele boýunça dürli pikirler bar.

Bu ýagadaýda owgan dindarlarynyň talap edýän şerigaty, owgan Konstitusiýasyna girizilen şerigatyň kanunlaryndan prinsipial taýdan tapawutlanýarmy diýen sowal ýüze çykýar.

Bu sorag akademiki häsiýete eýe bolan sowallaryň hataryna girenok. Ýöne onuň jogaby ýurtda köp halatlarda adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen, şerigat kanunlaryna giň düşünjeli garalmagyny ündeýän ýörelgäniň aşa könemöwrit şerigat kanunlaryndan üstün çykmagyna täsir ýetirip biler.

Adam hukuklarynyň kepili

Owganystanda yslam dininiň ýöredilýändigini, ýurtda kabul edilen hemme kanunlaryň yslam dininiň kada-kanunlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak bilen bir hatarda owgan hökümeti ýurtda Adam hukuklarynyň ahlumumy deklarasiýasynyň hem adam hukuklary bilen bagly beýleki halkara konwensiýalaryň berjaý edilmegini kepillendirýär.

Ýaşlaryň daşlanyp öldürilmegi bilen bagly wakanyň ýüze çykan ýeri Daşt-e-Arçi obasynyň dindary Maulwi Abdul Nasyr Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýaş juwanyň jezalandyrylmagynyň şerigatyň kanunyna laýyk gelmeýändigini aýdýar

“Yslamyň hem şerigatyň kanunlaryna görä, adam dört gezek bu jenaýaty eden halatynda, öz günäsini boýun alsa, şeýle hem onuň bu ýaman hereketi edendigine dört şaýat bolan mahalynda, diňe şonda belli bir adam azgynlykda, bozuklykda aýyplanyp bilner. Bu şertleriň hemmesi ýerine ýetirilmese, hatda adam günäsini boýun alan halatynda hem ony jezalandyryp bolmaz. Şaýatlaryň hemmesi bolsa öň hiç hili ýaramaz işe baş goşmadyk, arassa adamlar bolmaly” diýip, Maulwi Abdul Nasyr nygtaýar.

Molla Nasyr diňe kazy çagyran halatynda şaýatlaryň belli bir iş boýunça görkezme berip bilýandiklerini aýtdy. Ol: “Bu şertleriň hemmesi ýerine ýetirilmese, adamyň daşlanyp öldürilmegi baradaky hökümiň çykarylmagy zorluk hasaplanýar, şerigatyň kanunlaryna hem çapraz gelýär” diýip nygtady.

Owganystanyň Ýokary sudunyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy Maulwi Siddikulah Muslim Owganystanyň adam hukuklaryny berjaý etmäge synanyşmagynyň şerigatyň kanunlaryna garşy gelmeýändigini aýtdy.

Kanuny güýji ýok

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde jenap Muslim pygamberiň aýdan sözlerini hem eden işlerini aňladýan Gurhanda we hadyslarda yslam alymlarynyň aýdanlary bilen beýleki taraplaryň delilleriniň ylalaşyk esasynda bir pikire gelinmeginiň goldanylýanlygynyň kesgin aýdylandygyny nygtady. Bu fakt bolsa resmileriň yslamyň kanunyny ýerine ýetirip bilýändigini aňladýar diýip, owgan resmisi aýdýar.

“Uzak wagt dowam eden diskussiýalardan soň, yslam alymlary yslamyň jenaýat kodeksi hasaplanýan Hudooda degişli hemme işleriň döwletiň administratiw ýa ýuridiki organlaryna geçirip, soňra kararyň kabul edilmegi barada ylalaşdylar” diýip, jenap Muslim belledi.

Kaýiriň al Al-Askar Uniwersitetiniň Şerigat boýunça fakultetiniň dekany bolup işlän professor Hamid Muhammed Abu Talyb Maulwi Muslimiň aýdanlary bilen ylalaşýar. Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýaragly topara degişli adamlaryň yslamyň şerigaty esasynda hiç kimi jezalandyrmaga haklarynyň ýokdugyny aýtdy.

Hamid Muhammed Abu Talyb şol jenaýat subut edilen halatynda hem häkimiýet başynda bolmadyklara bu işiň gadagandygyny nygtady: "Owganystanyň ýagdaýy bilen bagly aýtsak, ýurtda Hamid Karzaýyň häkimiýeti halkara derejesinde ykrar edildi. Şonuň üçin belli bir regionlaryň gözegçiligini öz eline alan adamlara sud geçirip, karar çykarmak rugsat edilmeýär. Sebäbi bu işe olaryň kanuny güýji ýok, olary hiç kim ykrar etmeýär".

Şeýle hem jenap Abu Talyp yslamyň kanunlaryny “durnukly, raýatlaryň hem olaryň emläginiň howpsuz, ykdysady taýdan üpjün” yslam döwletlerinde ýöredip bolýandygyny nygtady.

Talyplaryň we beýleki ýaragly toparlaryň esasy maksady Owganystanda yslam şerigatynyň kada-kanunlaryny ornaşdyrmakdan ybarat. Ýöne şol bir wagtda-da olaryň häkimiýet başynda bolan döwürlerinde ornaşdyran nusgasy raýatlaryň meýletin gatnaşmagyna däl-de, gorka esaslanypdy. Beýle döwlet gurluşy bolsa yslam alymlary tarapyndan düýpden kabul edilmeýär.
XS
SM
MD
LG