Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistana kömek ýetenok


Pakistanyň Bassera obasynyň golaýynda, 17-nji awgust
Pakistanyň Bassera obasynyň golaýynda, 17-nji awgust

Pakistan weýrançylykly silden pida çeken adamlar üçin berilýän kömegiň öz ýerine gowuşjakdygyny aýdyp, halkara jemgyýetçiligini ynandyrmaga synanyşýar.

Ýurduň içeri işleri ministri Rehman Malikiň aýtmagyna görä, hökümet berilýän pullaryň parahor döwlet işgärlerine we talyban pitneçilerine gitmeýänligini görkezmek üçin garaşsyz derňewçiler toparyny döretmek barada oýlanýar. Malik özüniň bu aýdýanlarynyň silden ejir çeken 20 million pakistanla beriljek kömegiň ýurda tiz gelmegine goşant bolar diýip, umyt edýär.

Kömek az

Halkara arkalaşygy tarapyndan şu güne çenli berlen kömek talap edileniň ýarpysyna-da ýetenok. Ýagdaý gitdigiçe ýaramazlaşýar. Birleşen Milletler Guramasy berilýän azyk paýynyň we arassa suwuň diňe 700 müň adama ýetirilendigini aýdýar. Yzy üzülmeýän ýagyş siliň gaýtadan güýjäp, Şweýsariýanyň, Awstriýanyň hem Belgiýanyň bilelikdäki territoriýasy bilen deň regiony basmagyna getirdi.

“Köp ýerlere häzirem baryp bolanok. Infrastruktura we telekommunikasiýa sistemasynyň darganlygy zerarly biz entegem pida çeken köp maşgalalara kömek ýetirip bilemzok” diýip, Germaniýanyň Pakistandaky “Gyzyl Haç” edarasynyň başlygy Dirk Kamm aýdýar.

Söweşiji hüjümleri

Betbagtçylygyň möçberi yslamçy söweşijileri-de gorkuzana meňzeýär. Sebäbi sil geleli bäri olar bilen hökümet güýçleriniň arasynda turan çaknyşyk köp däl. Ýöne şu gün habar agentligi “Associated Press” yslamçy söweşijileriň Pakistanyň demirgazyk günbatarynda polisiýa postlaryna hüjüm edendiklerini habar berdi.

Peşewaryň polis edarasynyň başlygy Liýakat Ali Hanyň aýtmagyna görä, ençeme söweşiji Haýbar regionyndan Sarbanddaky polisiýa postlaryna hüjüm edipdir. Iki tarapyň arasynda turan atyşyk bir sagada golaý dowam edipdir.

Saglygy goraýyş

Saglygy goraýyş edaralary sil suwlary zerarly döreýän keselleriň tiz ýaýramagyndan howatyr edýärler. UNICEF-iň Günorata Aziýa boýunça regional direktory Daniel Toole ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Biz içgeçmäniň dürli görnüşlerinden, dem alyş organlaryna degýän endemik kesellerden ejir çekýän ýurt bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu regionlaryň ählisinde has agyr problemalara getirjek şertler bar”.

Onuň aýtmagyna görä, jemgyýetiň millionlarça agzasy howp astynda. Toole: “Üstüne howp abanýan aýallar we çagalar. Olaryň sany 100 müňlere däl, millionlara barýar. Iň ejizler aýallar we çagalar. Dürli kesellere ýolukmagy mümkin, elhenç şertlerde ýaşaýan şolar” diýýär.
XS
SM
MD
LG