Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistana gerek 469 million dollar serişdäniň ýarsy taýýar


Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy Pakistandaky sil heläkçiliklerinde ejir çekenlere ýardam bermek üçin göz öňünde tutulýan 469 million dollar serişdäniň ýarsynyň eýýäm taýýardygyny mälim etdi.

BMG-niň Pakistandaky edarasynyň metbugat sekretary Maurizio Guliano bu maliýe serişdeleriniň donor guramalaryň we döwletleriň ýardamy bilen toplanandygyny aýtdy.

Pakistanyň taryhynda örän uly tebigy betbagtçylyk hökmünde alamatlanan bu sil heläkçiliklerinde azyndan 1 müň 600 töweregi adam ölüp, 20 million töweregi adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boldy.

Düýn Ýewropa Bileleşigi hem bu sil heläkçiliklerinde ejir çekenlere ýardam üçin ýene goşmaça 30 million ýewro maliýe serişdesini berjekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, Ýewropa Bileleşiginiň Pakistana berjek umumy ýardamy 70 million ýewro töweregi bolar.
XS
SM
MD
LG