Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Yrakdaky iň soňky söweş brigadasy ýurdy terk edýär


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky iň soňky söweş brigadalary ýedi ýarym ýyla çeken söweş operasiýalaryndan soň, Yragyň territoriýasyny terk edip, Kuweýtiň territoriýasyna geçip başladylar.

Düýn käbir halkara habar agentlikleri bilen birlikde, CNN telewideniýesi, «Washington Post» we «The Los Angeles Times» gazetleri ýaly habar serişdeleriniň korrespondentleri Yragyň öz içinden bu çäreleriň amala aşyrylyşy barada maglumat berdiler.

Birleşen Ştatlaryň planyna görä, şu ýylyň 31-nji awgustyndan soň Yragyň territoriýasynda diňe 50 müň töweregi amerikan harbysy galar. Olar hem öz gezeginde Yragyň öz harbylaryna tälim bermek işleri bilen meşgullanarlar.
XS
SM
MD
LG