Sepleriň elýeterliligi

Owgan saýlawlarynda 900-den gowrak uçastok açylmaz


Çarşenbe güni Owganystanyň saýlawlar boýunça resmileri geljek aý geçiriljek parlament saýlawlarynda howpsuzlyk meseleleri göz öňünde tutulyp, 900-den gowrak saýlaw uçastogynyň açylmajakdygyny mälim etdiler.

Hususan-da, Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmad Mahnawi Fazel Owganystanyň 34 welaýatyndan 25-sinde howpsuzlyk ýagdaýynyň alada döredýändigini aýtdy we bu welaýatlardaky köp saýlaw uçastoklarynyň geljekki saýlawlarda işlemejekdigini aýtdy.

150 müň töweregi harbyny öz içine alýan daşary ýurt güýçleriniň edýän tagallalaryna garamazdan, Owganystanyň günorta we gündogar regionlarynda howpsuzlyk ýagdaýlary henizem ýaramaz bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG