Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti halk-hojalygy barada maslahat geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halk-hojalygynyň dürli pudaklaryndaky möhüm meselelere bagyşlap, ýörite iş maslahatyny geçirdi.

Bu maslahata hökümet ýolbaşçysynyň orunbasarlary bilen birlikde, halk-hojalygynyň dürli pudaklarynyň, guramalaryň we iri hojalyklaryň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ylym-bilim, sport we turizm, medisina we käbir beýleki pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary barada maslahat edildi.

Maslahatda hasabat bilen çykyş eden köpsanly resmileriň hatarynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministri G.Ylýasow, Türkmenistanyň turizm we sport boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Ý.Atalyýew, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow, Türkmenistanyň Milli kärdeşler arkadaşlygynyň başlygy, ýurduň Aýallar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy T.Muhammedowa we Türkmenistanyň uruş weteranlarynyň guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow dagylar hem boldy.
XS
SM
MD
LG