Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda ABŞ-nyň söweş brigadasy galmaz


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Yrakdaky iň soňky söweş brigadalary ýedi ýarym ýyla çeken harby operasiýalardan soň, Yragyň territoriýasyny terk edýärler.

ABŞ-nyň soňky söweş brigadasy Yrakdan çykýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00


Bu hereket prezident Barak Obamanyň Yrakdaky urşy tamamlamak barada tagallalarynyň netijesidir. Ýöne 50 müň esgerden ybarat goşun Yrakda galdyrylýar. Ýurtdaky harby operasiýalar hem 31-nji awgusta çenli dowam eder diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň planlaşdyryşy ýaly şu aýyň ahyryna çenli amerikan esgerlerinden ybarat iň soňky söweş brigadalary Yrakdan çykarylmaly.

ABŞ-nyň 2-nji pyýada goşun diwiziýasynyň metbugat sekretary kapitan Kristofer Ofardt 19-njy awgustda irden soňky tehnikanyň Kuweýtiň territoriýasyna geçirlendigini habar berdi. Bu uly ähmiýetli, simwoliki häsiýete eýe bolan wakany Amerikanyň SNBC telekanaly göni efirde köpçülige ýetirdi.

18-nji awgustda Ak Tamyň resmileri “Reuters” habar gullugyna beren maglumatlarynda söweş brigadalarynyň Yrakdan doly çykarylmaýandygyny, söweş operasiýalarynyň bolsa awgustyň soňuna çenli dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Ak Tamyň wekilleri käbir habar serişdelerinde harby hereketleriň tamamlanandygy barada berlen maglumatlaryň dogry däldigini bellediler.

7 ýýl geçdi

Häzirlikçe Yrakda 56 müň esgerden ybarat harby goşunyň bardygy aýdylýar. 1-nji sentýabra çenli olaryň sanynyň 50 müňe çenli kemeldilip, şondan soň amerikan esgerleriniň Yragyň ýerli harbylaryna tälim bermek bilen meşgullanjakdyklary belli edildi. Ýagny, maglumata görä, olar “geňeş hem ýardam bermek” işleri bilen meşgullanarlar. ABŞ-nyň soňky goşunlary Yragy 2011-nji ýylyň ahyrynda terk eder diýlip planlaşdyrylýar.

Yrakdaky urşuň başlanmagyna, ynha, indi ýedi ýyldan gowrak wagt geçdi. 2003-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň hüjümi netijesinde Yragyň diktatory Saddam Huseýniň režimi dargadyldy. Häzir, resmi maglumatlara görä, Yrakda heläk bolan amerikan esgerleriniň sany 4419 adama ýetdi. Yrakdaky zorlukdan heläk bolan adamlaryň statistikasyny ýöredýän proýektiň beren maglumatlarynda uruş döwründe Yrakda heläk bolan parahat ilatyň sanynyň 100 müňe golaýdygy aýdylýar.

Bu proýekt bilen meşgullanýanlar Yrakda heläk bolan adamlar barada metbugatda berilen maglumatlary, keselhanalarda, meýithanalarda ölenleriň sanyny toplap, asuda ýaşaýjylaryň öldürilmegi barada hökümete degişli bolmadyk guramalaryň maglumatlaryny ýygnap, olary analiz edip, şeýle netijä geldiler.

Taryha göz aýlasak, Yrakdaky uruş ABŞ-da bolan graždanlyk urşundan, Birinji we Ikinji jahan uruşlaryndan hem uzak dowam etdi.

Ýurduň geljegi

Ýakyn wagtda wezipesinden çekilýän ABŞ-nyň Yrakdaky ilçisi Kristofer Hill 19-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň Parahatçylyk boýunça institutynda eden çykyşynda özüniň Yrakda bolan 16 aýynyň dowamynda ýurtdaky ýagadaýyň gowulanýandygy baradaky netijä gelendigini aýtdy.

“Iň kyn meseleleriň biri – ýurduň howpsuzlygy bilen bagly mesele kanagatlandyryjy derejä ýetmese-de, gowulanyp barýar. Yragyň güýçleri howpsuzlyk meselesini çözmäge ukyply. Elbetde, olarda dürli kynçylyklar dörär. Olaryň ýalňyşyp bilmekleri hem ähtimal. Biziň hem ýalňyşan ýagdaýlarymyz boldy. Ýöne biz şol ýalňyş hereketlerimizden netije çykaryp, olar gaýtalanmaz ýaly etdik. Yraklylar hem öz ýalňyşlaryndan dogry netije çykararlar, şeýdip hem, meniň pikirimçe, biz ýurtdaky howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýyň gitdigiçe gowulaşýandygyna syn edip bileris” diýip, Kristofer Hill belledi.

Kristofer Hill ABŞ-nyň Parahatçylyk boýunça institutynda çykyş eden mahaly Yrakda bäş döwlet işgäri ýol ugrunda goýlan bomba parlanda we beýleki hüjümlerde öldürildi. 17-nji awgustda Bagdatda ýurduň harby goşunyna esger alynýan merkezinde amala aşyrylan hüjümde esger bolup gulluk etmäge baran 61 adam öldürildi.

Yrakdaky parlament saýlawlaryndan bäş aý geçendigine garamazdan, ýurtdaky iki esasy syýasy bloga hökümet koalisiýasyny düzmek başartman gelýär.
XS
SM
MD
LG