Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa syganlary deportasiýa edip başlady


19-njy awgustda fransuz resmileri ýurtda bikanun ýaşaýan 700-e golaý sygany Rumyniýa we Bolgariýa deportasiýa edip başlady.

Şu gün 100-e golaý adam uçar bilen Buhareste iberildi.

Fransiýany meýletin terk etmäge razy bolan 79 adama 400 dollara barabar kompensasiýanyň tölenýändigi habar berilýär.

Şu aýyň ahyryna çenli syganlaryň Fransiýadan doly çykarylmagy planlaşdyrylýar.

Şeýle hem Fransiýanyň häkimiýetleri 3 aýyň dowamynda syganlaryň bikanun mesgen tutan 300-e golaý ýerlerini ýok etjekdiklerini aýdýarlar.

Ýurduň oppozisiýasy we hukuk goraýjy aktiwistleri fransuz häkimiýetleriniň bu hereketlerini ýazgaryp çykyş etdiler.

Fransiýadaky syganlaryň hak-hukuklaryny goraýan guramanyň ýolbaşçysy Malik Salemkur: “Ýaramaz şertlerde ýaşaýan bu adamlar dürli yzarlanmalara sezewar edilip, olar fransuz häkimiýetleriniň howpsuzlyk babatda alyp barýan syýasatynyň günä ýassygy edildi. Bu adamlar Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary, şonuň üçin olaryň Fransiýa dolanmaga haky bar” diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG