Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 4 million adam öýsüz galdy


19-njy awgustda BMG-niň Baş assambleýasy Pakistanda dörän tebigy betbagtçylyk boýunça ýörite maslahat geçirer. Onda guramanyň baş sekretary Ban Ki-Munyň Pakistana eden sapary barada çykyş etmegine garaşylýar.

Häzir Pakistandaky sil heläkçiliklerinde ejir çekenlere ýardam bermek üçin göz öňünde tutulýan 469 million dollar serişdäniň ýarsynyň toplanandygy mälim edildi. Emma bu ýurda zerur bolan kömegiň gaty haýal ýygnalýandygy aýdylýar.

BMG-niň beren maglumatlarynda öýsüz galan 4 million adamdan diňe 1 milliona golaýynyň çadyrlar bilen üpjün edilendigi bellenýär.

Şeýle hem Pakistanda dowam edýän ýagynlar sebäpli ýurduň günortasyndaky Sind derýasynyň kenarlaryndaky obalaryň suw alandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG