Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda medisina degişli täze binalar açylar


1-nji sentýabrda Türkmenistanda medisina degişli täze binalar işläp başlar. Olaryň hataryna Türkmenistanyň Döwlet medisina uniwersitetiniň täze binasynyň we Infeksion keseller boýunça merkeziň binalar toplumynyň hem girýändigi aýdylýar.

Täze açyljak topluma inçekeseli bejermek we keseliň öňüni almak merkeziniň ambulator bölüminiň, deri-wenerologiki keselleriň merkezi keselhanasynyň binasynyň, AIDS keseliniň öňüni almak boýunça milli merkeziň binasynyň, gan merkeziniň, şeýle hem merkezleşdirilen laboratoriýalaryň binalarynyň girýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG