Sepleriň elýeterliligi

Türkmen sportçylary ýaşlar Olimpiadasynda çykyş edýärler


Türkmen sportçylarynyň Singapurda geçýän ýaşlar Olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýändikleri aýdylýar.

Agyr atletika bilen meşgullanýan 16 ýaşly Ihtiýar Mätkerimowyň bu Olimpiadada 7-nji orny eýeländigi habar berilýär.

16 ýaşly Jennet Saryýewa 50 we 100 metrlik aralyga ýüzmekde 5-nji we 7-nji orunlary eýeläpdir.

21-nji awgustda halkara derejeli sport ussady, 18 ýaşly boksçy Nursähet Pazzyýewiň çykyş etmegine garaşylýar.

22-nji awgustda geçiriljek dzýudo boýunça ýaryşlara 16 ýaşly Jennet Geldibaýewanyň gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG