Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda ýolagçy otlusy heläkçilige uçrady


Hytaýyň Syçuan welaýatynda torpak süýşmesinde ýykylan köprüde ýolagçy otlusynyň heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Otlynyň 2 wagony derýa gaçyp, suwuň güýçli akymy bilen 200 metr aralyga akyp gidipdir.

Häzir halaş ediş işleri geçirilýär. Suwa gaçan wagonlarda näçe adamyň bardygy belli däl.

Otlynyň galan 5 wagonyndaky ýolagçylar halas edildi. Olaryň arasynda heläk bolanlar ýa ýaralananlar ýok diýlip, Hytaýyň metbugatynda habar berildi.

Soňky aýyň dowamynda Hytaýda uzak wagtlap ýagan yagyş netijesinde emele gelen toprak süýşmeleri zerarly müňden gowrak adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG