Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda garaşsyzlyk güni bellenildi


1919-njy ýylyň 19-njy awgustynda Britaniýadan garaşsyz bolan Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý Kabulyň merkezinde bu sene bilen bagly geçirilen dabara gatnaşdy.

Bu dabara NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň serkerdesi general Deýwid Petreusyň hem gatnaşandygy habar berildi.

Owganystanyň garaşsyzlyk güni adatça dürli çäreleriň geçirilmegi bilen giňden bellenilýärdi.

2008-nji ýylda bu dabarada talyplar prezident Karzaýyň janyna kast etmäge synanyşandan soň ýurduň garaşsyzlyk güni kiçi göwrümli dabaranyň geçirilmegi bilen bellenilýär.
XS
SM
MD
LG