Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde demonstrasiýa geçirildi


Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň häkimi Melis Myrzakmatowyň wezipesinden boşadylýandygy baradaky gürrüňler peýda bolandan soň, onuň tarapdarlary şäher häkimliginiň binasynyň öňüne ýygnanyp, öz goldawlaryny bildirdiler.

19-njy awgustda irden Oş şäheriniň häkiminiň orunbasary protestçileriň öňüne çykyp, Myrzakmatowyň wagtlaýyn hökümetiň wekilleri bilen gepleşik geçirmek üçin Bişkege gidendigini aýtdy.

Bu demonstrasiýa gatnaşan 2000-e golaý adam häkimiýetlerden Myrzakmatowyň wezipesinde galdyryljakdygynyň kepillendirilmegini talap etdiler.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň edarasy Myrzakmatowyň wezipesinden çekilýändigi baradaky bu gürrüňlere entek reaksiýa bildirmedi.

41 ýaşly Melis Myrzakmatow 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Oş şäheriniň häkimi wezipesini eýeleýär.
XS
SM
MD
LG