Sepleriň elýeterliligi

Ukrain metbugatynyň ýagdaýy sorag astynda


Tankytçylar: “Hökümet ýeke žurnalistlere däl, eýsem kiçi we orta göwrümli biznese hem oppozisiýanyň diregi hökmünde garap, gysyş görkezýär” diýýärler.

Tankytçylar: “Hökümet ýeke žurnalistlere däl, eýsem kiçi we orta göwrümli biznese hem oppozisiýanyň diregi hökmünde garap, gysyş görkezýär” diýýärler.

Wasyl Klymentýew öten hepde ýerli prokuror we salgyt işgäri barada ýazan makalasy hakda pikir alyşmak üçin bir kärdeşi bilen duşuşypdy. Ony şondan bäri gören-bilen ýok.

Harkow şäherinde hepdede bir gezek çykýan “Nowy Stil” gazetiniň redaktory Klymentýew häkimiýetleri tankytlamakda tanalýan adam. Polisiýa: “Onuň öldürilen bolmagy ähtimal” diýýär.

Klymentýewyň orunbasary Petro Matwienko regional salgyt edarasynyň başlygy Stanislaw Denisýuk we beýleki döwlet işgärleriniň köşklerinden alan suratlary hakda maslahatlaşmak üçin 11-njy awgustda Klymentýew bilen duşuşandygyny aýdýar.

Klymentýew wakasy Moskwa tarapdary prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyna geleli bäri metbugat azatlygy barada ýurtda dörän ýagdaý hakda täze soraglary döredýär. Oppozisiýa: “Hökümetiň tankytlanmagyna sebäp bolýan metbugata urulýan zarba” diýýär.

21-nji awgustda Kiýewde žurnalistler iş taşlaýyş geçirmekçi. Maksat hökümetiň birnäçe telekanalyň, şol sanda Kanal 5 bilen TWi-niň hem rugsatnamasyny ýatyrmak baradaky kararyna protest bildirmek.

Kiewde ýerleşýän media gözegçisi Telekritika: “Bu iki kanal ýeke-täk garaşsyz telewideniýe stansiýalary” diýýär. Telekanallaryň käbiri suda ýüz tutupdyr. Sud hem bu mesele barada geljek hepde diňlenişik geçirmekçi.

Metbugata basyş

TWi-niň direktory Mykola Knýažytski Ýakukowiçe hat ýazyp, Ukrainadaky metbugat erkinligi ýagdaýy hakda protest bildiripdir: “Men özümiziň ýeke sud işimiz barada däl, eýsem ukrain mediasynda bar bolan meýiller hakda hem prezidente habar bermeli. Bu söz azatlygynyň bozulýan ýeri”.

Wenada ýerleşýän Halkara metbugat instituty hem öten hepde ukrain prezidentine hat ýazyp, ony metbugat erkinligine hormat goýmaklyga çagyrdy. Knýažytski hem hatynda Ýanukowiçi öz edarasy bilen ilteşikli adamlaryň işlerini barlamaklyga çagrypdyr.

“Men prezidentiň töweregindäki täsirli toparlaryň käbiriniň bütinleý bikanun metodlar ulanyp, Ýewropada edilmeýän işleri edýändiklerini ýazdym. Olar öz bähbitlerini araýarlar, sudlara gysyş görkezip, ýörite gulluklary žurnalistlere garşy göreş üçin ulanýarlar. Bu toparlar häkimiýeti bir ele geçirip, Ukrainany awtoritar döwlete öwürjek bolýarlar” diýip, Knýažytski aýdýar.

Metbugatyň ýagdaýy barada Ukrainanyň hökümetini Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem tankytlady.

Tankytçylar: “Hökümet ýeke žurnalistlere däl, eýsem kiçi we orta göwrümli biznese hem oppozisiýanyň diregi hökmünde garap, gysyş görkezýär” diýýärler. Olaryň aýtmagyna görä, hökümet sudýalary işe bellemek we işden boşatmak ygtyýarlygyny prezidente bermek bilen sud häkimiýetlerini hem öz gözegçiligine geçiripdir.
XS
SM
MD
LG