Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň işine garaldy


Penşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş ulgamlaryny ösdürmek meselesine garaldy.

Maslahata hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, parlamentiň başlygy, degişli ministrlikleriň we pudaklaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri G.Myradow, Metbugatda we beýleki habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýew, Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň başlygy B.Amansaryýew we käbir beýleki resmiler ýörite hasabat bilen çykyş etdiler.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginde işi guramakda köp kemçilikleriň bardygy aýdyp, ministriň orunbasary A.Orazmuhammedowy “özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” işinden boşatdy.

Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary edip, türkmen telewiýedeniýesiniň Baş müdirliginiň «Miras» telekanalynyň başlygy B.Nurmyradow bellendi. Onuň ýerine bolsa Ç.Baýramgulyýew geçdi.

Munuň bilen birlikde, «Türkmen owazy» telekanalynyň ýolbaşçysy M.Kömekow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Ý.Baýramow bellendi.

Bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow ýurduň neşirýat gullugynyň işinde käbir kemçilikleriň bardygyny aýtsa-da, onuň bu bellikleri esasan neşir edilýän gazetleriň, kitaplaryň we beýleki neşir önümleriniň hili barada boldy.

Döwlet lideri neşir önümlerinde berilýän maglumatlaryň mazmuny we durmuş reallyklary barada gürrüň etmedi. Şeýle hem prezident häzirki wagt ýurtda çykarylýan neşir önümleriniň içerki islegleri doly kanagatlandyrýan derejededigini aýdyp, bu önümleriň daşardan getirilmegi üçin zerurlygyň ýokdugyny öňe sürdi.

Şeýlelikde, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna Türkmenistana daşardan getirilýän neşir we wideo önümleriniň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmekligi tabşyrdy.

Şeýle hem Berdimuhamedow Türkmen döwlet habarlar gullugynyň dünýäniň öňdebaryjy habar agentlikleri bilen habar alyşmagyny ýola goýmak, halkara żurnalistika sistemasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Prezident Berdimuhamedow Internetde elektron gazetlerini döretmek boýunça işi dowam etmegiň zerurdygyny hem nygtady.

XS
SM
MD
LG