Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýitirim bolan ukrainaly žurnalist gözlenýär


Penşenbe güni Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri ýakynda ýitirim bolan gazet redaktory Wasil Klimentýewiň gözlegi boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdiler.

Düýn ýurduň Içeri işler ministri Anatoliý Mogylýow habarçylara beren interwýusynda Wasil Klimentýewiň ýitirim bolmagynyň onuň professional işi bilen baglanyşykly bolmagynyň aradan aýrylmaýandygyny aýtdy.

Ukrainada çap edilýän «Nowyý stil» gazetiniň redaktory we kanun goraýjy organlaryň ýiti tankytçysy hökmünde tanalýan Wasil Klimentýew 11-nji awgustda ýitirim bolupdy.
XS
SM
MD
LG