Sepleriň elýeterliligi

Amerikan senatory Jon Kerri Owganystana dolandy


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy senator Jon Kerri Pakistandan ýene Owganystana dolandy. Munuň özi sentor Jon Kerriniň şu hepdäniň dowamynda Kabula edýän ikilenji saparydyr.

Kongresiň daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Jon Kerriniň gyssagly ýagdaýda Pakistandan ýene Owganystana dolanmagynyň sebäbi barada anyk maglumat bermekden saklandy.

Emma käbir çeşmeler sentor Jon Kerriniň Kabulda geçirjek bu gezekki gepleşiklerinde Owganystanda kontrakt boýunça iş alyp barýan hususy gorag kompaniýalarynyň geljek 4 aýyň içinde ýurdy terk etmelidikleri barada prezident Karzaýyň kabul eden kararynyň birneme ýumşadylmagy üçin oňa basyş görkezmeginiň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG