Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasy Pakistany maslahatlaşdy


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy sil heläkçilikleri sebäpli Pakistanda dörän gumanitar krizise bagyşlap, ýörite maslahat geçirdi.

Bu maslahatda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun özüniň ýakynda Pakistana eden saparynyň jemlerini jemläp, Pakistana has köp gumanitar ýardamlaryň berilmegine çagyryş etdi.

Birleşen Milletler guramasy Pakistanyň taryhynda iň bir ýaramaz sil heläkçiligi diýlip hasaplanylýan bu gezekki sil heläkçiliklerinde ýurduň 20 prosent territoriýasyny sil suwunyň basandygyny we 4 milliondan gowrak adamyň öwsüz-öwzarsyz galandygyny aýdýar.

BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagt Pakistanda azyndan 8 million adama gyssagly gumanitar ýardamlar zerur bolup durýar. Resmi maglumatlara görä, Pakistandaky bu sil heläkçiliklerinde zyýan çeken adamlaryň umumy sany 20 million töweregi diýlip hasaplanylýar.

Bu tebigy betbagtçylykdan dörän krizisiň kem-kem çuňlaşyp gidip oturmagy bilen, ýurduň hökümeti ejir çekenlere ýardam bermekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
XS
SM
MD
LG