Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Medwedew Ermenistana bardy


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew iki günlük resmi sapar bilen Ermenistana bardy.

Şu gün prezident Dmitriý Medwedew bilen Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan özara duşuşyklarynda Orsýetiň Ermenistandaky harby güýçleriniň saklanmak möhletini uzalmak barada täze ylalaşyga gol çekerler diýlip garaşylýar.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Ermenistanyň Daşary işler ministri Eduard Nalbandýan täze gol çekiljek ylalaşyk boýunça Orsýetiň Ermenistandaky harby bazasynyň saklanmak möhletiniň 2044-nji ýyla çenli uzaldyljakdygyny mälim edipdi.

Prezident Dmitriý Medwedew özüniň bu saparynyň çäklerinde Ermenistanyň paýtagtynda Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna girýän ýurtlaryň 20-22-nji awgustda geçiriljek sammitine gatnaşmaklygy-da planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG