Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diktatorlarda paýhas bolmaýar


Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýn sud diňlenşiginde, 6-njy dekabr, 2005-nji ýyl.
Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýn sud diňlenşiginde, 6-njy dekabr, 2005-nji ýyl.

Amerikan goşunlary Yrakdan çykarylyp başlandy. Munuň soňunyň nämä ýazjagyny anyk bilýän ýok, ýöne prezident Barak Obama saýlawda beren wadasynda durmakçy. Şonuň üçinem amerikan goşunlarynyň esasy bölegi ýedi ýyldan soň, Yragy terk edýär.

2003-nji ýylda amerikan goşunlarynyň öz ýaranlary bilen birlikde bu ýurda çozup girmeginiň düýp sebäbi Yragyň harby taýdan aşa güýçlenmegi boldy. Saddam Huseýn palestinleriň göreşini goldap, Ysraýyla açyk haýbat atyp ugransoň, edil garaşylyşy ýaly, bu režim pitige mündi we ABŞ Saddamyň režimini ýykmaly we Yragy haýdan-haý ýaragsyzlandyrmaly diýen karara geldi. Bu ugurda BMG-niň girizen ykdysady sanksiýalary, ýarag embargosy netije bermänsoň-da, diňe açyk interwensiýa ýüz urmak galdy.

Dünýädäki zalym diktaturalary goldamakda ýöriteleşen totalitar döwletler, şol sanda SSSR-iň syýasy mirasdüşeri Orsýet bu pursatda Saddam Huseýne galp umyt berdiler. Netijede onda Günbataryň berk duýduryşyna garamazdan, prezidentlikde galyp bolar diýen aldawçy düşünje döredi. Emma Saddam Huseýn diňe bir wezipesinden däl, eýse mal-mülkündendir janyndanam jyda düşdi.

Diktatoryň hötjetligi ýurduň basylyp alynmagyna sebäp boldy

Elbetde, bir adamyň tragediýasy ýurduň tragediýasyna öwrülmeli diýen zat ýok. Eger Saddam Huseýn paýhasly bolanlygynda, üstüne abanan howpy diňe öz başyna çekip, ýurdy okkupasiýadan gutaryp biljekdi. Sebäbi ABŞ hem onuň ýaranlary onuň öňünde kesgitli şert goýdular: sen prezidentlikden aýrylsaň, biz Yraga giremzok, ýogsa-da, biz seniň režimiň garşysyna harby güýç ulanjak.

Paýhasly adam bu duýduryşdan dogry netije çykarmalydy. Emma diktatorlarda paýhas bolmaýar, paýhasly adam diktator hem bolmaýar. Şonuň üçinem haý-haýly pursatda Saddam Huseýn Yragyň garaşsyzlygyny däl-de, öz wezipesini, altyn kürsüsini il-günüň hem topragyň bähbitlerinden ileri tutdy.

Netijede Yrak basylyp alyndy. Ýurda gan çaýkaldy. Ýurt üç bölege bölündi: şaýy araplar, sünni araplar we kürtler. Günbataryň garamagynda döredilen hökümet Yragyň taryhynda ilkinji gezek şaýylar bilen kürtleriň eline geçdi. Sünni araplar bilen 3 milliona golaý yrak türkmenleri ýurtda iň hukuksyz azlyga öwrüldiler. Yragyň ýurt hökmünde bütewüligi sorag astyna düşdi. Türkmenler milli kemsitmä 1959-njy ýyldan bäri çydap gelseler-de, sünni araplar muny ýokuş gördüler. Şol sebäpdenem ýurtda rehimsiz partizançylyk, terrorçylyk urşy tutaşdy. Netijede 2003-nji ýyldan bäri parahat ilatdan 100 müňden gowrak adam öldürildi, millionlarça adam-da öý-öwzaryny, mal-mülküni taşlap, bosgunlyga çykmaga mejbur boldy.

Okkupasiýa yraklylara näme berdi?

Emma Yragyň okkupasiýasy manysyz bolmady. Dowamly gan-kokuň içinde ýurtda täze dolandyryş döwlet sistemasy döredi. Häzirki wagtda döwleti eýýäm kesekiler däl-de, olaryň garamagyndaky yrak hökümeti dolandyrýar. Syýasy adalatsyzlyklardan iýmtlenýän terrorçylyk hüjümleri azalyp, ähli milletler, şol sanda yrak türkmenleri-de öz syýasy hukuklaryny demokratik saýlawlarda gazanmagy öwrenip barýarlar.

Entek halka bu ugurda tejribe ýetenok, adamlaram, tutuş ýurdam özgeriş ýolunda. Ýedi ýyl ozal zorluk bilen ekilen demokratik agajyň miwesi entek hiç kesiň agzyny dadyndyrmasa-da, onuň idegini öz ellerine alsalar, hakyky miwe iýip biljekdiklerine yraklylar eýýäm düşündiler. Hut şu hem Amerikanyň we Günbataryň Yrakda gazanan häzirlikçe o diýen berk bolmadyk ýeňşidir.

Hut şeýle çylşyrymly ýagdaýda hem ölüm-ýitimden hem halkara derejesindäki tankytdan halys ýadan amerikan goşunlary Yrakdan meýletin yza çekilýär. Sentýabrdan soň Yrakda 50 müň amerikan goşuny galjak. Bu harby kontingent söweşlere gatnaşmaz, diňe yrak milli harby we howpsuzlyk güýçlerine tälim berer hem olary goldar, bu iş bize başardar diýip, Barak Obamanyň hökümeti halkara jemgyýetçiligini ynandyrmaga çalyşýar.

Amerikanlaryň Yrak hem Owgan urşundan başga ýurtlara çozup girmekden saklanmaly diýen sapagy alandyklaryna ynanmaga esas ýok däl. Sebäbi bu iki uruş dünýäniň iň kuwwatly döwletini ykdysady hem syýasy taýdan düýpli sarsdyrdy. Galanyny-da diňe wagt görkezer.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG