Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habar beriş serişdeleriniň işine garaldy


Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi
Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi
Aşyrguly Baýryýew

Penşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş ulgamlaryny ösdürmek meselesine garaldy.

Maslahata hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, parlamentiň başlygy, degişli ministrlikleriň we pudaklaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň medeniýet we teleradio ýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow ýedi aýyň dowamynda edilen işler barada hasabat berdi. Ýöne onuň hasabatynda aýdylan maglumatlaryň ençemesi, mysal üçin, täze radio kanallaryň açylandygy, milli saz we opera sungatynyň dikeldilýändigi ýedi aýdan öňki döwre degişli.

Prezident onuň hasabatyny diňläp, teleýaýlymlarda halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyk gelmeýän has pes hilli gepleşikleriň görkezilmegine ýol berilýändigi üçin, ministrligiň işine nägilelik bildirdi. Ýöne tomaşaçylaryň, diňleýjileriň teleradio programmalaryndan, umuman, nägiledigini welin döwlet ýolbaşçysy dile getirmedi.

Senzura

G.Berdimuhamedow Döwlet neşirýat gullugynyň ýolbaşçysy Nurgeldiýewa ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallaryň tiražyny artdyrmak üçin olaryň hilini gowulandyrmagy tabşyrdy. Prezident “hil” diýeninde, olaryň çap edilişinimi ýa-da mazmunyny göz öňünde tutýandygyny aýdyňlaşdyrmady. Gazet-žurnallaryň häzirki mazmun derejesinde olaryň tiražyny diňe abuna mejbury suratda ýazdyrmak bilen köpeldip bolar.

“Watan” habarlar programmasynda maslahatdan berlen hasabat-reportažda Metbugatda döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygyna beren görkezmesinde prezident senzorlaryň ýokary ideýa-çeperçilikli zatlaryň döremegine ýardam etmelidiklerini aýtdy. Ýöne şol görkezme “Watanyň” soňky göýberilişlerinden we gündelik gazetlerde berlen hasabatdan aýrylypdyr. Eger-de prezident senzorlara "öz döwlet syrlaryny gormak işiňiz bilen meşgul boluň" diýip tabşyran bolsa adalatly, kanyny bolardy.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň prezidenti Gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna ýurduň daşyndan getirilýän audio-wideo ýazgylary, neşirleri öňküdenem has çäklendirmek, olara gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi. Beýle görkezme S.Nyýazowyň döwründe daşary ýurtdan getirilýän edebi-çeper, ylmy edebiýatyň, gazet-žurnallaryň kemeldilmegine getiripdi. Şonuň ýaly-da ýurduň içinde Orsýetiň Merkezi telewideniýesiniň programmalaryny çap etmek işini hem togtadypdylar. Eger-de häzirem şeýle ýagdaý gaýtalansa, onda, elbetde, bu gynandyryjy wakadyr.

Halkara habarlar

Döwlet baştutany Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň öňünde köp sanly wezipe, şol sanda Bitarap Türkmenistan barada dogruçyl halkara pikirini döretmek maksady bilen Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň žurnalistlerini halkara wakalar we maglumatlary giňden beýan etmäge gönükdirmek wezipesini-de goýdy. Onuň pikiriçe, munuň üçin dünýäniň habarlar giňişliginde döwletiň özboluşly halkara habarlaryny ýaýradyjysyny döretmeli. “Türkmenistan. Altyn asyr” internet sahypasynyň mazmunyny has gowulandyrmaly, elektron gazetleri döretmeli.

Soňra prezident degişli edaralary Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň işini halkara habarlar giňişligine işjeň ugrukdyrmak, dünýäniň öňde baryjy habarlar gulluklary bilen maglumat alyşmagy ýola goýmak, halkara žurnalistika ulgamunda edilýän işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly wezipelere borçly etdi. Ýöne Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň, habar beriş serişdeleriniň, gazet-žurnallarynyň birtaraplaýyn propagandistik materiallary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ýurda çekip bolmaz. Onuň üçin ýurda daşary yurt žurnalistlerini, habar agentliklerini goýbermek gerek.

Eger-de türkmen häkimiýetleriniň öz edýän işleriniň dogrudygyna, ýurtda ähli zadyň gülala-güllükdigine ynanýandyklary çyn bolsa, onda şeýle ederdiler. Ýöne türkmen durmuşyna wagyz-nesihat, öwgi dony näçe maslahatly biçilip geýdirilse-de, ol kelte bolup, eteginden, ýeňlerinden, ýakasyndan hakykat görnüp dur.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, “Edebiýat we Sungat” gazetiniň öňki baş redaktory. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG