Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda gepleşik geçiriler


Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda parahatçylyk baradaky göni gepleşikler 2-nji sentýabrda Waşingtonda başlanýlar. Bu barada anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton aýtdy.

Klintonyň sözlerine görä, Ysraýylyň we Palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçylaryna resmi çakylygy ýakyn wagtda Ýakyn Gündogar kwarteti bolan “Dörtler” iberýär. Oňa ABŞ, ÝB, BMG we Orsýet girýär.

Ol gepleşiklerde esasan Ýakyn Gündogar meseleleri: serhetler, Iýerusalimiň durumy hem-de palestin bosgunlarynyň ýagdaýy maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.

Ol gepleşikler Ysraýyl 2008-nji ýylyň aýagynda Gazada harby operasiýa geçirenden soňra kesilipdi.
XS
SM
MD
LG